Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikde 18-nji sentýabrdan 21-nji sentýabr aralygynda garyşyk görnüşde «Durnukly ykdysady ösüş: innowasiýalar we senagatlaşma» atly ýokary tehnologiýalar hepdeligini geçirdi.
Ýokary we innowasion tehnologiýalar hepdeliginiň dowamynda tehnologiýalary ösdürmek, sanly innowasiýalary ilerletmek babatda bilimdir tejribe alyşmaga, olaryň inklýuziw hem-de durnukly jemgyýet gurmaga ýardamyny görkezmäge gönükdirilen çäreler boldy.
BMG-niň Türkmenistandaky ÖM-niň web-saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar boýunça halkara maslahat bilen açyldy. Oňa ussat hünärmenler, BMG-niň ÖM-niň we ÝHHG-niň çagyran halkara bilermenleri gatnaşdylar. Olar tehnologiýalar, innowasiýalar we sanlylaşdyrmalar babatda ählumumy ýörelgelere giňişleýin syn berdiler.
Maslahata Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň - Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Çärä gatnaşanlaryň çykyşlarynda ýaşyl ykdysadyýet, durnukly ösüş üçin emeli intellekt, kiberhowpsuzlyk, awtomatlaşdyrylan şäher ekoulgamy hem-de «ýaşyl» we «akylly» şäherleri gurmakda ýaşlaryň tutýan orny ýaly temalar beýan edildi.
Maslahat gyzyklanýan döwlet edaralary, bilim edaralary we türkmen ýaşlarynyň şol sanda UrbanistAI, World Metaverse Council ýaly ýokary tehnologiýalar merkezleriniň we kompaniýalarynyň, Drees & Sommer kompaniýasynyň, Iýerusalimdäki Ýewreý uniwersitetiniň Iýerusalimdäki şäher innowasiýalary merkeziniň, CITYSHOB kompaniýasynyň wekilleri we daşky gurşaw ýaş işjeňleri bilen işjeň gatnaşyklary üçin meýdança boldy.
Hepdeligiň dowamynda BMG-niň ÖM-niň we ÝHHG-niň bilermenleri Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetniň talyplary üçin umumy sapaklar berdiler. Olarda tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly durnukly şäher ösüşini ösdürmegiň möhüm ähmiýeti nygtaldy, tehnologik telekeçiligiň täze ugurlary bilen tanyşdyryldy we durnukly ösüş üçin tehnologik innowasiýalarynyň ulanylyşy barada interaktiw pikir alyşmalar üçin meýdança döredildi.
Hepdelikde «Ýaşlar we innowasiýalar» temasyndan talyplaryň «Breýn-ring» akyl-paýhas bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik ýaşlaryň döredijilik ukybyny we zehinlerini ýüze çykarmaga, olaryň häzirki zaman innowasion tehnologiki çözgütler baradaky habarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.
Türkmenistanda «Durnukly ykdysady ösüş: innowasiýalar we senagatlaşma» atly ýokary tehnologiýalar hepdeligi pikir alyşmak we ylmy hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga hem-de innowasiýalary ilerletmäge gönükdirilen täze gatnaşyklar üçin giň meýdança boldy. Çäre ýokary innowasion tehnologiýalary pudagynyň täze üstünlikleri barada düşünjeleri giňeltmäge, ýaşlaryň döredijilik we innowasiýa mümkinçiliklerini ösdürmäge hem-de BMG-niň taýýarlan Durnukly ösüş we wajyp bütindünýä ähmiýetli maksatlaryna ýetmekde ýokary tehnologiýalaryň ähmiýetini öwrenmäge oňyn mümkinçilik döretdi.