Ï Garaşsyzlyk döredijiligiň, parahatçylygyň we dostlugyň gözbaşydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyzlyk döredijiligiň, parahatçylygyň we dostlugyň gözbaşydyr

view-icon 6676

Geçen hepdede — «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýylyň 27-nji sentýabrynda agzybir we jebis halkymyz häzirki bagtyýar durmuşyna uly buýsanç duýgusy bilen Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllygyny belledi. Ýurdumyz milli senenamamyzyň bu möhüm senesini Garaşsyz Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna aýratyn sahypa bolup ýazylýan täze zähmet ýeňişleri bilen garşylady.

Halkymyzyň ägirt uly döredijilik kuwwaty netijesinde Türkmenistan soňky ýyllarda hemmetaraplaýyn ösýän döwlete öwrüldi. Adam hakyndaky aladany ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitleýän demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Özbaşdaklygyň we gülläp ösüşiň beýik baýramy mynasybetli türkmen topragynyň ähli künjeklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent döredijilik ruhuny, özgerdiji güýjüni alamatlandyrýan umumymilli dabaralar ýaýbaňlandyryldy.

Şanly günde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, halkymyzyň iň täze taryhynyň ägirt uly üstünlikleriniň binagärlik nyşanyna öwrülen Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet münberi toplumy esasy çäreleriň ýaýbaňlandyrylan merkezi boldy. Bu ýerde guralan dabaraly harby ýörişde Watanymyzyň goranyş kuwwaty, türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygy, kämil başarjaňlygy, guryýer we howa goşunlarynyň harby tehnikalary görkezildi. Döwlet münberi toplumynyň meýdançasynda gurnalan ýörite uly ekran arkaly çärä gatnaşyjylar göni ýaýlymda Hazar deňziniň giňişliginde geçirilýän deňiz flotunyň baýramçylyk ýörişini hem synladylar.

Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň adyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler, türkmen halkynyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda hemişelik aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Arkaly atly naýbaşy ahalteke bedewi sowgat berildi.

Döwlet münberiniň öňünden ýurdumyzyň welaýatlarynyň wekilleri, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň zähmet toparlary baýramçylyk ýörişi bilen geçdiler. Olar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesine mynasyp zähmet sowgatlaryny taýýarladylar. Häzirki zaman telekommunikasiýa we internet serişdeleriniň mümkinçilikleri arkaly dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan köp sanly watandaşlarymyz we beýleki döwletleriň ýaşaýjylary türkmenistanlylaryň baýramçylyk şatlygyny göni ýaýlymda paýlaşmaga mümkinçilik aldylar.

28-nji sentýabrda Garaşsyz döwletimiziň baş baýramynyň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Toplumyň çäginde meşhur ahalteke bedewlerine bagyşlanan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Milli göreş boýunça bäsleşiklerde türkmen pälwanlary özleriniň güýjüni, çeýeligini, çalasynlygyny we ussatlygyny görkezdiler. Ýurdumyzyň sungat ussatlary köpöwüşginli aýdym-sazly baýramçylyk sowgatlary bilen çykyş etdiler.

Ahalteke bedewleri dürli aralyklara çapyşyklaryň 7-sinde ýyndamlygyny, çalasynlygyny, güýç-kuwwatyny we çydamlylygyny görkezdiler. 2200 metr aralyga geçirilen jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda çekeleşikli bäsleşik boldy.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak, harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabaralary geçirildi. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerini, önümçiligiň öňdebaryjylaryny, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzüm bölekleriniň wekillerini, döredijilik işgärlerini, zähmet weteranlaryny sylaglamak dabarasy hem guraldy.

Geçen hepdäniň wakalarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 25-nji sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul edendigini bellemek bolar.

Özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky döwürde işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýandygy bellenildi. Özara söwdany ösdürmek, harytlaryň görnüşlerini giňeltmek, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Astrahan oblastynyň portlarynyň arasyndaky üstaşyr ulag kuwwatlyklaryny ulanmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatda uly mümkinçilikler bar.

26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Beata Peksany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigi bellenildi. Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklar ikitaraplaýyn görnüşde we «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşinde üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen birlikde, kanun çykaryjylyk ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk ilerledilýär.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Döwlet Baştutanymyz, hususan-da, GFR-iň «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzeri, «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» ýapon kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tasuýa Watanabeni, «Cifal» fransuz kompaniýasynyň prezidenti Žil Remini, şeýle hem «CARPI Tech» kompaniýasynyň baş direktory Fransua Troneli we bu kompaniýanyň hormatly prezidenti Alberto Maria Skuerony kabul etdi.

Daşary ýurtly işewürler döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutladylar. Gepleşikleriň barşynda daşary ýurt kompaniýalarynyň we firmalarynyň ýurdumyzda giň gerimli ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaklaryny giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

26-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary döwletleriň syýasy işgärleri we ýurdumyzda iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Myhmanlar Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutladylar. Duşuşyklarda döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurdumyzda iri ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz, hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow, «Bouygues» kompaniýalar toparynyň baş direktory Marten Buig, «John Deere» amerikan kompaniýasynyň oba hojalyk bölüminiň prezidenti Mark fon Pents, GFR-iň «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzer bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti 28-29-njy sentýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz Maslahat köşgünde ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň we telekeçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda Germaniýa bilen dürli ugurlarda, aýratyn-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, telekeçilik we medeni-ynsanperwer ulgamlarda birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlygy işjeň giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-german hyzmatdaşlygynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentiniň başlyklyk etmeginde işewürlik ertirlik nahary görnüşinde geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz duşuşykda çykyş edip, Türkmenistanyň täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyjyny goldaýandygyny hem-de umumy gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow howpsuzlygyň, durmuş-ykdysady ösüşiň, ekologiýanyň we halkara gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmeginiň häzirki zamanyň iň möhüm meseleleriniň hatarynda durýandygyny nygtady.

Ykdysady ösüş meselelerine degip geçmek bilen, Gahryman Arkadagymyz, ilkinji nobatda, energetika, ulag pudaklary hem-de maliýe ulgamy ýaly däp bolan ugurlar bilen bir hatarda, sanlylaşdyrmak, emeli aň we «ýaşyl» tehnologiýalar ýaly ykdysadyýetiň täze ugurlarynyň bardygyny belledi.

Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň «Geljegi strategik taýdan bilelikde emele getirmek — Merkezi Aziýa bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek» mowzugy boýunça geçirilen duşuşyga gatnaşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy duşuşykda çykyş edip, ýurdumyzyň käbir makroykdysady görkezijilerini mysal getirdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna barabar bolan 200-e golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar. 2023-nji ýylyň 8 aýynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. Biziň ykdysadyýetimize gönükdirilýän her ýylky maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 18-19 göterimine deňdir. Şunda daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy olaryň jemi möçberiniň 12 göterimine golaýyny düzýär.

Gahryman Arkadagymyz gaz we elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa pudaklaryny hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen birlikde, Germaniýanyň işewür toparlaryna Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak, bank ulgamynda göni gatnaşyklary ösdürmek, Garagum derýasynyň ulanyş düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de enjamlaryny ibermek, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda, Arkadag şäheriniň senagat toplumyny döretmek boýunça taslamalara gatnaşmak baradaky teklipler beýan edildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini we olary hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrmagyň gurallaryny, şol sanda dürli ulgamlarda möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek arkaly gatnaşyklary giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol gün Germaniýanyň Federal Kansleriniň edarasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň GFR-iň Hökümetiniň Başlygy Olaf Şols bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady taýdan durnukly ösüşine we döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary, ilkinji nobatda, olaryň umumy meselelerini hem-de milli aýratynlyklaryny we talaplaryny nazara almak bilen, maýa goýum işini amala aşyrmagyň hasabyna hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmäge gönükdirilen çäreler anyklaşdyryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynda howpsuzlyk, ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ekologiýa we «ýaşyl» geçiş, şeýle hem medeni-durmuş we ynsanperwer ulgamlar ýaly birnäçe esasy ugurlara ünsi çekdi. Pikir alyşmalaryň çäklerinde ykdysady gatnaşyklaryň ilerledilmegine täze itergi berjek giň gerimli, geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi nygtaldy. Ähli ugurlarda, ilkinji nobatda, söwda, üstaşyr ulag, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny giňeltmek, täze kommunikasiýalary gurmak ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň kesgitlenilmegi altytaraplaýyn gatnaşyklara kuwwatly itergi berer we döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň binýadyny berkider.

Iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şols we GFR-iň Federal Kansleriniň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri Robert Habek bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynda uzak möhletleýin geljegi hasaba almak bilen guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hepdäniň wakalarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Markos Gomes Martinesden ynanç hatynyň kabul edilmegini görkezmek bolar. Diplomat Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, durmuşa geçirilýän giň gerimli milli maksatnamalar, toplumlaýyn özgertmeler, şeýle hem Mejlisiň düzümi we onuň köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy.

Ählihalk baýramyna — Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp, Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy geçirildi. 22-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de 32 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 301 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 13 döwletiň raýatlary we 25 milletiň wekilleri bolup durýan adamlaryň 265-sine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi.

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy. Baýramçylyk dabarasyna sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylary, meşhur folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar.

30-njy sentýabrda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty geçirilip, onda hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 32 ýyllyk senesiniň giňden baýram edilmegine beslenen geçen hepde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerini, adamkärçilik we hoşniýetlilik taglymlaryny, saýlap alan parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoluna ygrarly ýurdumyzyň syýasy we ykdysady durnuklylygyny pugtalandyrmaga, mähriban halkymyzyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn strategiýanyň netijelidiginiň aýdyň beýany boldy.