Ï Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «THE World University Rankings-2024» dünýä görkezijisine girdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «THE World University Rankings-2024» dünýä görkezijisine girdi

view-icon 4813
Türkmen döwlet  binagärlik-gurluşyk instituty «THE World University Rankings-2024»  dünýä  görkezijisine girdi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «reporýor» derejesi bilen dünýä uniwersitetleriniň «THE World University Rankings-2024» görkezijisiniň 20-nji neşirine girdi.

Beýik Britaniýanyň «Times Higher Education» (THE) neşirinde habar berlişine görä, abraýly görkezijide her ýyl dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdepleri kesgitlenilýär. Uniwersitetlere esasy iş ugurlarynyň ählisi boýunça baha berilýär. Bu ýyl dünýä uniwersitetleriniň görkezijisiniň usulyýetine birnäçe goşmaça baha beriş derejeleri girizildi. Umuman, uniwersitetleriň netijeleri okadylyşy, ylmy barlaglaryň hili, ylmy-barlag gurşawy, halkara perspektiwalary we senagat ýaly bäş esasy ugra bölünen 18 netijelilik görkezijileri esasynda kesgitlenilýär.

Her ýyl uniwersitetleriň ählumumy sanawynyň üsti dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hataryna goşulmaga, abraýyny ýokarlandyrmaga, işjeň ösüşi we iň ýokary görkezijilere ýetmekde üstünlik gazanmaga ymtylýan ýokary okuw mekdepleri bilen ýetirilýär.

«THE» görkezijisiniň ilkinji neşiri 2004-nji ýylda çap edildi, onda olaryň sany bary-ýogy 200-di. «THE World University Rankings-2024» görkezijisiniň täze, 20-nji neşirinde 108 ýurtdan 1904 uniwersitet bar.

Türkmen ýokary okuw mekdepleri «THE» görkezijisine işjeň gatnaşýarlar we barha köp orun alýarlar. Mysal üçin, geçen ýyl Türkmenistanda birnäçe ýokary okuw mekdebi, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «THE World University Rankings we Impact Rankings» sanawyna girizildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň düzen we dünýäniň ýurtlarynda durmuş hem-de ykdysady ösüş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde uniwersitetlere baha berýär.