Ï Türkmenistanyň Kanuny «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda

view-icon 15390

I. 2009-njy ýylyň 2-nji oktýabryndaky «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 93-nji madda; 2017 ý., № 3, 109-njy madda; 2019 ý., № 4, 91-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 47-nji madda, № 4, 132-nji madda; 2022 ý., № 4, 112-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda, № 3, 63-nji madda) 9-njy maddasyny şu görnüşde beýan etmeli:

«9-njy madda. Türkmenistanyň medallary

Şular Türkmenistanyň medallarydyr:

1) «Arkadag»;

2) «Mälikguly Berdimuhamedow»;

3) «Edermenlik»;

4) «Gaýrat»;

5) «Türkmen edermen»;

6) «Magtymguly Pyragy»;

7) «Watana bolan söýgüsi üçin»;

8) «Harby gullugyň weterany»;

9) «Içeri işler edaralarynyň weterany»;

10) «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin»;

11) «Birkemsiz gullugy üçin».».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabry.