Ï Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 15288

I. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Gümrük kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 61-nji madda; 2012 ý., № 3, 69-njy madda, № 4, 96-njy madda; 2015 ý., № 4, 127-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2018 ý., № 2, 41-nji madda; 2020 ý., № 1, 11-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda, № 3, 79-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 34-nji maddada «şular ýaly başga harytlar» diýen sözlerden soň «hem-de ygtyýarly ykdysady operatorlar tarapyndan daşalýan, iberilýän we alynýan harytlar» diýen sözleri goşmaly;

2) 44-nji maddanyň ikinji böleginde «ulanylýar» diýen sözden soň «, harytlaryň bir gümrük gözegçiligi zolagynyň çäginde daşalan halatlary muňa degişli däldir» diýen sözleri goşmaly;

3) 45-nji maddanyň üçünji böleginiň 7-nji bendinde «bolsa» diýen sözden soň «, şu Kodeksiň 2555-nji maddasynyň ikinji böleginiň 2-nji bendinde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir» diýen sözleri goşmaly;

4) 59-njy maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde «bapda» diýen sözi «Kodeksde» diýen söze çalşyrmaly;

5) 72-nji maddanyň ikinji böleginde «haklydyr» diýen sözden soň «, şu Kodeksiň 2555-nji maddasynyň ikinji böleginiň 3-nji bendinde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir» diýen sözleri goşmaly;

6) 731-nji maddanyň birinji böleginden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«11. Wagtlaýyn saklanylýan döwründe gümrük edaralarynyň rugsady bolmazdan ýerlenen (ulanylan) harytlar babatda wagtlaýyn saklamagyň gümrük amalyny şu maddanyň birinji bölegine laýyklykda, wagtlaýyn saklamagyň aňryçäk möhletiniň geçmegi bilen, haýal etmän tamamlamak mümkin bolmadyk halatlarynda, ol harytlar wagtlaýyn saklanylýan harytlaryň statusyny ýitirmeýär we olaryň Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda göz öňünde tutulan hak isleginiň wagt möhletiniň dowamynda saýlanyp alnan gümrük düzgünine ýerleşdirilmegine ýol berilýär. Şeýle harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki ýuridik şahsy tarapyndan baglaşylan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda önümçilik we önümçilik däl maksatly desgalary gurmak, düýpli abatlamak we olaryň durkuny täzelemek boýunça işleri ýerine ýetirmek barada daşary ykdysady geleşige laýyklykda amala aşyrylýan bolsa, hak isleginiň wagt möhletiniň tamamlanmagy bilen, ol harytlar daşary ykdysady geleşigi baglaşan Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki ýuridik şahsynyň hasabyna döwletiň haýryna ýüz öwürmek gümrük düzgünine ýerleşdirilip bilner.»;

7) 24-nji bapdan soň şu mazmunly baby goşmaly:

«241-nji bap. Ygtyýarly ykdysady operator

2551-nji madda. Ygtyýarly ykdysady operator

1. Ygtyýarly ykdysady operator — gümrük taýdan resmileşdirmegi geçirmegi ýönekeýleşdirmek we tizleşdirmek, daşary ykdysady işe gatnaşyjylar tarapyndan gümrük kanunçylygynyň berjaý edilişiniň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, şu baba laýyklykda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň sanawyna (mundan beýläk şu bapda — sanaw) girizilen we Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň sanawyna girizilendigi hakynda şahadatnama (mundan beýläk şu bapda — şahadatnama) berlen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahs. Şunda bu ýuridik şahs iki ýyldan az bolmadyk döwürde wagtlaýyn saklanylýan ammara we (ýa-da) gümrük ammaryna eýelik edýän we (ýa-da) gümrük dellaly (wekili) hökmünde gümrük işi babatdaky işi amala aşyrýan bolmalydyr.

2. Sanawa girizilen gününden başlap, ýuridik şahs ygtyýarly ykdysady operatoryň statusyna eýe bolýar we töwekgelçiligi pes derejeli hasap edilýär.

3. Ygtyýarly ykdysady operatoryň statusy ýuridik şahsa şu Kodeksiň 2555-nji maddasynda göz öňünde tutulan ýörite ýönekeýleşdirmeleri şu Kodeksiň düzgünlerine laýyklykda ulanmaga hukuk berýär. Şunda ýörite ýönekeýleşdirmeler ygtyýarly ykdysady operator bilen gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasynyň baglaşýan özara hereketler hakyndaky şertnamasy esasynda ulanylýar.

4. Sanawa girizilmegi üçin ýüz tutýan ýuridik şahsyň sanawa girizmegiň şertlerine laýyk gelýändigi barlanylanda, şeýle hem ygtyýarly ykdysady operatoryň borçlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edilende, şu Kodeksiň 34-nji babynda göz öňünde tutulan gümrük gözegçiliginiň görnüşleri we tertibi ulanylyp bilner.

2552-nji madda. Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň sanawy

1. Sanaw gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan ýöredilýär.

2. Ýuridik şahs sanawa girizilende, oňa gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan şahadatnama berilýär.

Şahadatnama hereket ediş möhleti çäklendirilmezden berilýär.

3. Sanaw gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasynyň internet torundaky resmi saýtynda ýerleşdirilýär.

4. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy ýuridik şahsyň sanawa girizilen gününden başlap, bäş senenama gününden gijä galman, oňa sanawa goşulan senesi hakynda ýazmaça görnüşde habar berýär.

5. Ygtyýarly ykdysady operator sanawdan çykarylanda, oňa berlen şahadatnama güýjüni ýitiren diýlip ykrar edilýär.

6. Ýuridik şahslary sanawa girizmegiň we sanawdan çykarmagyň, şahadatnamany bermegiň, onuň hereketini togtatmagyň we dikeltmegiň tertibi, ýuridik şahslary sanawa girizmegiň şertleri, şahadatnamanyň görnüşi, şeýle hem sanawy ýöretmegiň tertibi gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenen tertipde kesgitlenilýär.

2553-nji madda. Ygtyýarly ykdysady operatoryň harytlary hasaba alyş ulgamy

Ygtyýarly ykdysady operatoryň gümrük operasiýalary amala aşyrylanda gümrük edaralaryna berlen maglumatlary hojalyk iş amallarynyň geçirilişi baradaky maglumatlar bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berýän we gümrük edaralary üçin elýeterliligi üpjün edilen harytlary hasaba alyş ulgamy bolmalydyr.

Harytlary hasaba alyş ulgamyna bildirilýän talaplar gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

2554-nji madda. Ygtyýarly ykdysady operatoryň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi

1. Ygtyýarly ykdysady operatoryň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi, onuň gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça borçlarynyň döreýän halatlarynda ýa-da ol gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça olary töleýji bilen deň borçlary öz üstüne alan bolsa, ygtyýarly ykdysady operatoryň gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça borçnamalarynyň şu Kodekse laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmekden ybaratdyr.

2. Ygtyýarly ykdysady operatoryň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi, şu Kodeksiň 283-nji maddasynyň birinji böleginiň 2 — 4-nji bentlerinde görkezilen usullar arkaly üpjün edilýär. Şunda ol görkezilen usullaryň birini ýa-da birnäçesini saýlap biler.

3. Ygtyýarly ykdysady operatoryň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi onuň şu Kodeksde göz öňünde tutulan gümrük paçlaryny, salgytlary tölemek boýunça borçlary ýa-da olary töleýji bilen deň öz üstüne alan borçlary bes edilýänçä üpjün edilmelidir.

2555-nji madda. Ygtyýarly ykdysady operatora berilýän ýörite ýönekeýleşdirmeler

1. Ýörite ýönekeýleşdirmeler diýlip, ygtyýarly ykdysady operator babatda käbir gümrük operasiýalaryny amala aşyrmagyň we gümrük gözegçiligini geçirmegiň aýratynlyklaryna hem-de şu Kodeksiň düzgünlerini ulanmagyň başga aýratynlyklaryna düşünilýär.

2. Şahadatnama ygtyýarly ykdysady operatora şu ýörite ýönekeýleşdirmeleri ulanmaga hukuk berýär:

1) harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi, olaryň bu çäkden alnyp gidilmegi, harytlaryň deklarirlenilmegi we goýberilmegi bilen bagly gümrük operasiýalarynyň ileri tutma tertibinde amala aşyrylmagyna;

2) ygtyýarly ykdysady operator tarapyndan daşalýan harytlaryň içerki gümrük üstaşyryna rugsat berlende, şu Kodeksiň 51-nji maddasynyň 1-nji bendinde bellenilen gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegini üpjün etmegiň ulanylmazlygyna;

3) harytlaryň deklaranty ýa-da harytlar babatda gümrük dellaly bolup durýan ygtyýarly ykdysady operatoryň ammarynda harytlary wagtlaýyn saklamaga rugsat berlende, şu Kodeksiň 72-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda gümrük edarasy tarapyndan talap edilip bilinjek gümrük paçlarynyň, salgytlaryň tölenilmegini üpjün etmegiň ulanylmazlygyna;

4) gümrük edaralary tarapyndan gümrük gözegçiliginiň harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük gözden geçirmesi ýa-da gümrük barlagy görnüşleri ulanylýan halatlarynda, olaryň ileri tutma tertibinde amala aşyrylmagyna;

5) gümrük operasiýalaryny amala aşyrmagyň wagtyny gysgaltmaga we tertibini kämilleşdirmäge gönükdirilen gümrük edaralary tarapyndan geçirilýän synag taslamalaryna we synaglara ileri tutma tertibinde gatnaşylmagyna;

6) ygtyýarly ykdysady operatoryň ammarlarynda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň hem-de ygtyýarly ykdysady operator bolup durmaýan şahslaryň harytlarynyň wagtlaýyn saklanylmagyna;

7) ygtyýarly ykdysady operatoryň ammarlarynda döredilen gümrük gözegçiligi zolagyna harytlaryň eltilmegi we ýerleşdirilmegi, içerki gümrük üstaşyrynyň amalynyň şol ammarlarda tamamlanmagy bilen bagly gümrük gözegçiliginiň we gümrük operasiýalarynyň amala aşyrylmagyna;

8) ygtyýarly ykdysady operatoryň ammarlarynda gümrük gözegçiliginiň geçirilmegine;

9) Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerlerindäki gümrük edaralarynda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň awtoulag serişdeleriniň geçirilmegi üçin niýetlenen aýratyn geçelgeleriň göz öňünde tutulmagyna;

10) gümrük işiniň meseleleri we gümrük edaralarynyň ygtyýarlygyna degişli başga meseleler boýunça maslahatlaryň gümrük edaralary tarapyndan şu Kodeksiň 11-nji maddasyna laýyklykda, gysga möhletde ileri tutma tertibinde berilmegine;

11) eksport edilýän harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek üçin gümrük edarasyny erkin saýlamagyna;

12) ygtyýarly ykdysady operatoryň harytlar babatda gümrük dellaly bolup durýan halatlarynda, eksport edilýän harytlaryň ulag serişdesine ýüklenilýän wagty geçirilýän gümrük gözegçiliginiň şol harytlary öndürijiniň çäginde amala aşyrylmagyna rugsat berilmegine.

2556-nji madda. Ygtyýarly ykdysady operator tarapyndan harytlary wagtlaýyn saklamagyň aýratynlyklary

1. Ygtyýarly ykdysady operator tarapyndan harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagy, ygtyýarly ykdysady operatora eýeçilik ýa-da kärende hukugynda degişli bolan şu Kodeksiň 66-njy maddasyna laýyklykda bellenilýän wagtlaýyn saklanylýan ammarlaryň enjamlaşdyrylyp gurnalyşyna bildirilýän talaplara laýyk gelýän, wagtlaýyn saklanylýan ammar hökmünde ulanmak üçin niýetlenilen jaýlarda we (ýa-da) açyk meýdançalarda (mundan beýläk şu bapda — ammarlar) amala aşyrylyp bilner.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ammarlar gümrük gözegçiligi zolagy bolup durýar.

3. Ygtyýarly ykdysady operatoryň ammarlary şu Kodeksiň 65-nji maddasynyň ikinji böleginde bellenilen açyk görnüşli ammarlar bolup durýar.

4. Ygtyýarly ykdysady operator sanawdan çykarylan halatynda, onuň wagtlaýyn saklanylýan ammar bolup durmaýan ammarlarynda saklanylýan harytlary, şol sanawdan çykarylan gününiň yzyndan gelýän günden başlap iki aýyň dowamynda, onuň öz hasabyna wagtlaýyn saklanylýan ammara ýerleşdirilmäge degişlidir. Ygtyýarly ykdysady operatoryň sanawdan çykarylan gününiň yzyndan gelýän günden başlap, onuň wagtlaýyn saklanylýan ammar bolup durmaýan ammarlaryna harytlaryň ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär.

2557-nji madda. Ygtyýarly ykdysady operatoryň borçlary

1. Ygtyýarly ykdysady operator şulara borçludyr:

1) şu Kodeksiň 2552-nji maddasynyň altynjy böleginde görkezilen tertipden gelip çykýan talaplary ýerine ýetirmäge;

2) şu Kodeksiň 2554-nji maddasyna laýyklykda ygtyýarly ykdysady operatoryň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge;

3) gümrük edaralarynyň wezipeli adamlarynyň gümrük gözegçiligi astyndaky harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagy amala aşyrylýan ygtyýarly ykdysady operatoryň ammarlaryna päsgelçiliksiz girmek baradaky talaplaryny ýerine ýetirmäge;

4) gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän harytlary hasaba alyş ulgamy üçin talaplary ýerine ýetirmäge;

5) harytlary hasaba alyş ulgamynyň gümrük edaralary üçin elýeterliligini üpjün etmäge;

6) şu Kodeksiň 2556-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, kärendesine alnan ammarlarynyň kärende şertnamasynyň möhletini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda uzaltmaga;

7) gümrük edaralary tarapyndan ulanylýan gümrük işiniň öňdebaryjy tejribelerini öz işinde ornaşdyrmaga;

8) şu Kodeksde we gümrük işi çygryndaky Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda kesgitlenen başga borçlary ýerine ýetirmäge.

2558-nji madda. Gümrük edaralary bilen ygtyýarly ykdysady operatorlaryň özara hereketi

1. Gümrük edarasy bilen ygtyýarly ykdysady operatoryň arasyndaky özara hereketler şertnama baglaşylmagy arkaly guralýar.

2. Ygtyýarly ykdysady operator gümrük edarasy bilen umumy özara hereket üçin jogapkär wezipeli adamy we ýörite ýönekeýleşdirmeleri ulanmak bilen, gümrük operasiýalarynyň amala aşyrylmagy üçin jogapkär şahslary kesgitläp biler.

3. Gümrük edaralary ýörite ýönekeýleşdirmeler ulanylanda, şol sanda adaty däl ýagdaýlar ýüze çykan halatynda ygtyýarly ykdysady operatorlar bilen özara hereketi utgaşdyrmak maksady bilen, şeýle özara hereketi guramak üçin jogapkär wezipeli adamy kesgitläp biler.

4. Gümrük edaralary bilen ygtyýarly ykdysady operatorlaryň özara hereketiniň tertibi, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, gümrük işi babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilip bilner.

2559-nji madda. Ygtyýarly ykdysady operatorlary özara ykrar etmek

1. Türkmenistanyň ygtyýarly ykdysady operatorlaryna, şu bapda göz öňünde tutulanlardan başga-da, Türkmenistanyň halkara şertnamasyny baglaşan daşary ýurt döwletleriniň çäklerinde şol döwletleriň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly ykdysady operatorlar tarapyndan ulanylýan ýörite ýönekeýleşdirmeleri ikitaraplaýynlyk esasda özara ykrar etmek arkaly ulanmaga rugsat berlip bilner.

2. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, şu bapda göz öňünde tutulan ýörite ýönekeýleşdirmeleri, ikitaraplaýynlyk esasda özara ykrar etmek arkaly daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly ykdysady operatorlaryna ulanmaga rugsat berlip bilner.»;

8) 289-njy maddanyň ikinji bölegine şu mazmunly sözlemi goşmaly: «Şunda, puşmana tölegleriniň hasaplanylyp ýazylýan döwri gümrük paçlaryny, salgytlary tölemegiň möhletiniň tamamlanan gününiň yzyndan gelýän günden başlap bäş ýyldan uzak bolup bilmez.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabry.