Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Tehniki uniwersitetler assosiasiýasynyň düzümine kabul edildi.
Tehniki uniwersitetler assosiasiýasynyň Geňeşiniň karary esasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine degişli şahadatnama berildi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanowa iberen hatynda assosiasiýanyň Prezidenti we N.E.Bauman adyndaky Moskwa döwlet tehniki uniwersitetiniň rektory Anatoliý Aleksandrow Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Tehniki uniwersitetler assosiasiýasynyň işine we inženerçilik-tehniki uniwersitet biliminiň ösüşindäki möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilen çärelere işjeň gatnaşmagyna umyt bildirdi.
Ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň ýene dördüsiniň - Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Tehniki uniwersitetler assosiasiýasynyň agzasydygyny bellemek gerek.
Umuman, assosiasiýanyň hatarynda Russiýanyň ýüzden gowrak rus we elli töweregi daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bar.
Assosiasiýa öňdebaryjy pedagogik ideýalaryň uniwersitetleriň we inženerçilik ýokary mekdepleriň iň gowy ýörelgeleriniň utgaşygyna esaslanýan ýokary we tehniki uniwersitet biliminiň ileri tutulýan ösüşini durmuşa geçirmek üçin döwletleriň, bilim edaralarynyň, guramalaryň we kärhanalaryň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen işjeň syýasat alyp barýar.
Assosiasiýanyň esasy maksatlarynyň arasynda - uniwersitet tehniki biliminiň innowasion ösüşi, ähli derejelerdäki tehniki bilimiň dünýä bilim ulgamyna we dünýä ylmy jemgyýetçiligine goşulmagyny üpjün etmek, tehniki uniwersitetiň derejesi we bilimiň mazmuny, tehniki uniwersitetleriň diplomlarynyň ekwiwalentligi üçin talaplaryň bitewi derejesini döretmek, ylmy-usulyýet esaslary işläp taýýarlamak, şeýle hem öňdebaryjy ylmy merkezler hökmünde tehniki uniwersitetleriň gözleg işlerini ösdürmek we tehniki uniwersitetleriň bilim, ylym we jemgyýetçilik ugurlarynda hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde tehniki uniwersitetlerde hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak ýaly wezipeler bar.