Ï Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti talyplary himiýa boýunça II Halkara olimpiada çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti talyplary himiýa boýunça II Halkara olimpiada çagyrýar

view-icon 7613
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti talyplary himiýa boýunça II Halkara olimpiada çagyrýar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa boýunça II Halkara internet olimpiadasyny geçirer.

Olimpiada himiýa bilen gyzyklanýan talyplar ýokary okuw mekdeplerinde alýan hünär ugruna garamazdan gatnaşyp bilerler. Olimpiadany guraýan uniwersitetiň saýtynda şu ýylyň 10-njy noýabryna çenli oňa gatnaşmaga isleg bildirýänler hasaba alnar. Hasaba alnandan soň, her bir talybyň görkezen elektron poçtasyna bäsleşige gatnaşmak üçin salgy we parol ugradylar.

Olimpiada şu ýylyň 14-nji noýabryndan 17-nji noýabry aralygynda şahsy we toparlaýyn ýaryş görnüşinde geçiriler. Özbaşdak tapgyr gatnaşyjylar iki, ýagny «A» we «B» derejä bölünerler. Birinjisine himiýa ugrundan ýöriteleşen talyplar gatnaşarlar. Ikinjisi bolsa, başga ugurlar boýunça okaýan talyplara niýetlenendir. Olar isleglerine görä, birinji topara hem goşulyp bilerler. Saýlanan derejä laýyklykda hem oňa gatnaşyjylara olimpiada meseleleri berler.

Olimpiadanyň soraglary himiýanyň dürli bölümleri boýunça taýýarlanan synag görnüşinde bolar. Olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.

Talyplar olimpiadasy ýaşlaryň himiýany öwrenmek işjeňligini höweslendirmek, amaly meseleleri çözmek, has ukyply we zehinli talyplary kesgitlemek, türkmen hem-de daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary güýçlendirmek we giňeltmek maksady bilen geçirilýär.