Ï «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň ilkinji oýny geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň ilkinji oýny geçirildi

view-icon 7758
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň ilkinji oýny geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdep okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň saýlama tapgyrynyň ilkinji oýny geçirildi.

Möwsümiň açylyş bäsleşiginde Aşgabat şäheriniň, Ahal, Mary we Balkan welaýatlarynyň orta mekdepleriniň 10-njy we 11-nji synp okuwçylary bolan sekiz oýunçy bäsleşdi. Milli diplomatiýa mekdebiniň döremeginiň we ösmeginiň dürli taryhy döwürlerini öz içine alýan ýaryşyň ilkinji oýnuna gatnaşyjylara «Döwletmämmet Azady we onuň döwründe Merkezi Aziýada halkara gatnaşyklary» temasy hödürlendi

Däp bolşy ýaly, oýun institutyň bilim binalarynyň birinde bäsleşik üçin ýörite gurlan uly türkmen ak öýünde geçirildi. Bu ýerde, esasy oýun meýdançasynda, gatnaşyjylaryň öz pikirlerini beýan etmekleri, ýaryşyň temasy boýunça soraglara giňişleýin jogap bermekleri, bilimlerini we taýýarlyklaryny görkezmekleri adalatly emin agzalarynyň bahalandyrmagy üçin möhüm bolup durýar.

Ilkinji oýnuň netijelerinden soň, Aşgabat şäherindäki 108-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Güljemal Orazowa we paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Jeýhun Hojageldiýew ýeňiji diýlip yglan edildi.

Akyl-paýhas oýnunyň ýeňijilerine we oýna gatnaşanlaryň hemmesine taslamany guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Eminler topary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Rahmanberdi Godarow, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymlary filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Garaýew we filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baba Saryýew dagydan ybarat boldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti, «Düwmejik» hususy kärhanasy akyl-paýhas bäsleşiginiň hemaýatkärleri boldular.

Oýnuň surata düşürilmegi we ýazga alynmagy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleýaýlymy we ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy bilen bilelikde geçirildi. Bäsleşik ýakyn günlerde türkmen teleýaýlymynda tomaşaçylara görkeziler.

Türkmenistandaky orta mekdepleriň 9-njy, 10-njy we 11-nji synp okuwçylary üçin bu taslamanyň yzygiderli üçünji okuw ýylynda alnyp barylýandygyny ýatladýarys. Ol geljekde üstünlikli diplomatik hünärini saýlamak üçin zerur bilimlere we häsiýetlere eýe bolan iň başarnykly we zehinli gatnaşyjylary kesgitlemeklige, mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmaklyga gönükdirilendir.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda taslamanyň indiki möwsümine gatnaşmak isleýänler üçin synagyň geçirilendigini bellemelidiris, netijede 600-den gowrak dalaşgäriň arasyndan 64 mekdep okuwçysy saýlandy. Şeýlelik bilen, ýaryşyň saýlama tapgyrynda sekiz oýun üçin gatnaşýan sekiz topar döredildi.

Düzgüne görä, möwsümiň iki ýarym final oýunlaryna sekiz toparyň hersinden iň gowy iki oýunçy (16 okuwçy) gatnaşar. Olaryň ýeňijileri intellektual bäsleşigiň finalyna bilet aljak sekiz mekdep okuwçysy bolar. Netijelerinden ugur alyp, gatnaşyjylaryň arasynda baýrakly orunlar hem bolar.

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsümi 2023-2024-nji okuw ýylynda, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly belleniljek ýylynda «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty — umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» at bilen geçiriler. Şoňa laýyklykda, bäsleşigiň ähli oýunlarynyň mazmuny ajaýyp döredijiniň durmuşyna we edebi mirasyna bagyşlanan we eserleriniň esasynda düzülen soraglary, şahyr hakda gürrüň berýän kitaplary we filmleri öz içine alar.