Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň biotehnologiýa barlaghanasynda galyndysyz önümçilik işi arkaly bio we eko-tehnologiýalary ösdürmek maksady bilen, üzümiň ýerli görnüşleriniň, şol sanda ýapraklarynyň, däneleriniň we agajynyň biotehnologiýada ulanylyşynyň geljegini öwrenmek boýunça ylmy-agtaryş we synag işleri alnyp barylýar. Ylmy agtaryşlar «Gara üzüm», «Gelinbarmak», «Terbaş», «Halili», «Dagtokga» we beýleki ýerli görnüşleriň üstünde jemlenendir.
– Üzüm ýurdumyzyň esasy oba hojalyk ekinleriniň biri hökmünde diňe bir dürli içgiler öndürmekde däl, eýsem biologiýa taýdan işjeň maddalar, iým we ekologiýa taýdan arassa ýangyç öndürmek ýaly ugurlarda-da ägirt uly mümkinçiliklere eýedir – diýip, biotehnologiýa barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowa belleýär. – Biziň agtaryşlarymyz olaryň häsiýetlerini we biotehnologiýanyň dürli ugurlarynda ulanylyş mümkinçiliklerini öwrenmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda üzüm çybyklaryna esaslanýan birnäçe innowasion önüm, şol sanda resweratrol – güýçli antioksidant, oba hojalyk mallary üçin iým, şeýle hem ýangyç görnüşindäki odun öndürildi. Peýdaly biologik işjeň maddalary almak boýunça işler-de dowam edýär.
Galyndysyz tehnologiýalaryň geljegi has uly ugurlaryndan biri-de üzüm agajyndan ýangyç görnüşinde täze odun döretmekdir. Bu odun, esasy düzüm böleklerinden, ýagny üzüm agajyndan başga-da, beýleki agaç görnüşleri bilen bilelikde öndürilýär, bu bolsa olaryň häsiýetlerini ep-esli gowulandyrýar we önümleriň görnüşini artdyrýar.
Daşky gurşawyň howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Üzüm odunlary ýakylanda, zäherli şepbikler bölünip çykmaýar, bu bolsa olary durmuşda we senagatda ulanmak üçin iň gowy odun görnüşi edýär.
Biotehnologiýa barlaghanasy ýurt içinde we halkara derejesinde hyzmatdaşlygyň geljegini göz öňünde tutmak bilen, önümçilik pudagynda hyzmatdaşlygy artdyrmaga çalyşýar. Halkara kompaniýalar we ylmy-agtaryş institutlary bilen işleşmek tejribe alyşmak, tehnologik binýady berkitmek we innowasiýa önümlerini bilelikde döretmek üçin mümkinçilikler açýar.