«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň edara binasynyň durky düýpli täzelenip, ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.
Durky bütinleý täzelenen bu edara binasynyň açylyş dabarasynda çykyş edenler ýurdumyzyň nebit-gaz senagatyny, okuw-ylmy merkezlerini ösdürmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladalar dogrusynda aýratyn belläp geçdiler.
Institutyň durkuny düýpli täzelemek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işlerini «Nebitgazylmytaslama» institutynyň buýurmasy esasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler.
Ýokary derejede ýaýbaňlandyrylan dabaranyň dowamynda Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň aýdym-saz, tans we folklor toparlarynyň çykyşlaryna hem giň orun berildi. Soňra dabara gatnaşyjylar durky düýpgöter täzelenen «Nebitgazylmytaslama» institutynyň edara binasyna aýlanyp gördüler hem-de institutyň alymlary, ylmy işgärleri, hünärmenleri üçin döredip berlen giň mümkinçiliklerdir amatly şertler bilen içgin tanyşdylar. Institutyň iki gatly edara binasynyň, üç gatly kömekçi binasynyň durky doly derejede täzelenipdir. Şeýle hem hyzmat ediş ulgamlarynyň birnäçesi gurlup ulanmaga berildi. Institutyň iş otaglary, barlaghanalary hem ösen häzirki zaman talaplaryna laýyk getirilip, döwrebap tehnologiýaly kämil enjamlar, dürli mebeller bilen üpjün edildi. Şonuň ýaly-da dag jynslarynyň lito-kollektorlyk, geologik-mineralogik düzümini, struktura aýratynlyklaryny, gatlak flýuidleriň fiziki, himiki we haryt nebitiniň geologiki häsiýetlerini, korroziýa tizligini, buraw we tamponaž erginleriniň tehnologiki görkezijilerini öwrenmek üçin döwrebap, täze enjamlar ornaşdyryldy. Munuň özi, institutda alnyp barylýan ylmy-barlag, taslama işleriniň hiline we netijeliligine düýpli täsirini ýetirer.
Mälim bolşy ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» instituty 1949-njy ýyldan bäri hereket edýär. Geçen döwürde institutyň alymlarynyň we hünärmenleriniň gönüden-göni gatnaşmagynda Günbatar Türkmenistanyň köp ýerlerinde nebitgaz känleri açylyp, ulanyşa girizildi. Olaryň baý tejribesi, ýokary ylmy-tehniki mümkinçilikleri we hünär derejeleri pudagyň onümçilik işlerinde ýüze çykýan has çylşyrymly, düýpli meseleleri netijeli çözmege ýardam berýär. Häzirki wagtda bu institutda 450-den gowrak adam zähmet çekýär. Baýry ylmy merkezleriň biri hasaplanýan bu institut ýurdumyzyň nebit we gaz senagatynyň ylmy-barlag we taslama toplumy bolup, pudagyň ösüşine saldamly goşantlaryny goşýarlar.