Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy ösüşlere beslenýär. Bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, dünýä tejribesinden ugur almak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen uly ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.
2023-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Italýan diliniň hepdeliginiň çäklerinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Italiýa Respublikasynyň Wenesiýa şäheriniň «Ca’Foscari» uniwersitetiniň wekilleri myhmançylykda boldular.
Duşuşygyň dowamynda professor Antonio Markomini «Italýan dili we durnukly ösüş» atly temadan institutyň professor-mugallymlary we talyplary bilen bilelikde okuw sapagyny gurady. Soňra Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda ylym-bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.