Ï Watanymyzyň parahatçylyk döredijilik kuwwaty artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň parahatçylyk döredijilik kuwwaty artýar

view-icon 4798

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň strategik maksatlaryna ýetmegiň ýolunda üstünlikleriň gazanylýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Bu strategik maksatlar netijeli halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi, bilelikdäki mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin özara ylalaşylan çemeleşmeleri hem-de gurallary işläp taýýarlamagy, toplumlaýyn durmuş-ykdysady özgertmeler bilen Watanymyzy ynamly öňe alyp gitmegi, halkymyzyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmagy öz içine alýar.

23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meseleler girizildi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekip, pagta ýygymy möwsüminiň depginini güýçlendirmegi, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde tamamlamagy, ideg işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Welaýatlaryň häkimlerine ilatymyzyň ýylylyk, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilişini, şu ýyl sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň açylyş dabaralarynyň, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine aýratyn üns berilmelidigi tabşyryldy.

25-26-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi sapary amala aşyryp, onuň çäklerinde Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen gepleşikleri geçirdi we Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy we ýurduň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň aramgähine we Ankara şäheriniň «Türkmenistan» seýilgähinde oturdylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edara binasynda geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatyny açyp, iki ýurduň işewürleriniň netijeli pikir alyşmalarynyň ikitaraplaýyn hereketlere hil taýdan täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda gurluşyk, energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika pudaklary, maýa goýum, ýokary tehnologiýalar, obasenagat toplumy we başga-da birnäçe ugurlar görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki tapgyrda Türkmenistanda dürli senagat pudaklarynda, medeni-durmuş ugurlarynda giň möçberli taslamalaryň meýilleşdirilýändigini, olaryň innowasiýalara we ýokary tilsimatlara esaslanýan inženerçilik pikirlerini, baý tehniki tejribeleri, ussatlygy talap edýändigini nygtap, Türkiýäniň işewür toparlaryny, aýratyn-da, döwrebap “akylly” şäher ýörelgelerine laýyklykda bina ediljek “Aşgabat-siti” konsepsiýasyny we Arkadag şäherinde guruljak senagat klasterini bilelikde işlemek üçin çagyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki maýa goýum gaznasyny hem-de maýa goýumlar boýunça bilelikdäki iş toparyny, ulag-logistika merkezini döretmegi teklip etdi, türk maýadarlarynyň we senagatçylarynyň ýurdumyzda alyp barýan işlerini maliýe taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkiýäniň käbir uly banklarynyň Türkmenistanda şahamçasyny açmak meselesine seredilmegi barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, ara alyp maslahatlaşmalary şu ýylyň 6 — 8-nji dekabrynda ýurdumyzda guraljak Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisiniň çäklerinde hem dowam etdirip bolar. Döwlet Baştutanymyz nobatdaky Türkmen-türk işewürlik maslahatyny Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.

Forumyň işi iki ýurduň degişli döwlet we işewürlik düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda dowam etdi. Onda bar bolan kuwwaty we uzak möhletleýin geljegi göz öňünde tutup hem-de hormatly Prezidentimiziň öňe süren tekliplerinden ugur alyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň jemleri boýunça dürli ulgamlarda, şol sanda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, obasenagat toplumy, azyk senagaty pudagy, ugurdaş enjamlary satyn almak babatda birnäçe resminamalara gol çekildi.

Şol gün «Aksaraý» köşgünde resmi garşylamak dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlardaky meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyryndaky hem-de geljekki meýilnamalar bilen baglanyşykly möhüm ugurlaryny anyklaşdyryp, Türkmenistanyň we Türkiýäniň uly mümkinçiliklerini doly herekete getirmek arkaly netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanmany tassykladylar. Gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşmalar geçirildi.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryň mizemezliginiň, köpasyrlyk dostlugynyň däplerine ygrarlylygyň özboluşly nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Gardaş atly türkmen alabaýyny sowgat berdi. Dostlukly döwletiň Lideri, öz gezeginde, hormatly Prezidentimize anadoly kangal tohumly iki sany ajaýyp güjüjegi sowgat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge ýardam etjek hem-de döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirýän ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiziň Türkiýä resmi saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary türk kärdeşleri bilen Ankarada ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olarda söwda-ykdysady ulgamy, senagat, şol sanda dokma senagaty, energetika, gurluşyk pudagy, ulag we kommunikasiýa, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçilik ulgamy boýunça gatnaşyklarda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklaryň barşynda taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy nygtaldy. Şunda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işiniň möhüm ähmiýeti bellenildi.

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Raýat kodeksiniň täze beýanynyň we başga-da birnäçe kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň dünýäniň abraýly halkara agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek, elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmaga gönükdirilen çäreler, dokma senagatynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy ara alyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.

Öňde boljak möhüm çäreler — Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde guruljak kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energetika ulgamyny kemala getirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan Mary — Ahal asma elektrik geçirijisini we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda innowasion tehnologiýalar esasynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän täze desgalary ulanmaga bermek, “Arçman” şypahanasyny döwrebaplaşdyrmak, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaý toplumynyň hem-de önümçilik we medeni-durmuş maksatly beýleki desgalaryň gurluşyk işlerine başlamaga degişli hasabatlar berildi. Şu ýylyň noýabr aýynda meýilleşdirilen esasy medeni we sport çäreleri, 4-nji noýabrda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň we iki dostlukly ýurduň arasyndaky köptaraply strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi beren gepleşikleriň jemleri mejlisiň aýratyn mazmunyny düzdi. Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň beýan eden başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, syýasy ugurda türkmen-türk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin anyk çäreleri özünde jemleýän “Ýol kartasyny” ýakyn wagtda işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Şu ýylyň dekabr aýynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisini we Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek bilen bagly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Iki döwletiň degişli ministrlikleri, pudak edaralary tarapyndan 2024-nji ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni, ylmy-okuw çäreleriniň senenamasyny taýýarlamagyň üstünde işlenilýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli we toplumlaýyn gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň we pugtalandyrmagyň barşynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň we onuň kiçi komitetleriniň nobatdaky mejlislerine, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek bu forumyň 16-njy mejlisine taýýarlyk görülýär.

Şeýle-de ýurdumyzda halkara üstaşyr ulag geçelgelerinden netijeli peýdalanmak, milli ulag ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrmak, ýük gatnawlaryny işjeňleşdirmek, logistikany ösdürmek, ulaglaryň ähli görnüşinde ýolagçy we ýük gatnawlary ulgamynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hem aýdyldy. Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýasyny gurmak üçin “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gaz we bug dolanyşygynda işlejek iri energiýa desgasy Türkmenistanyň diňe bir özüni elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmän, eýsem, bu babatda alyp barýan diwersifikasiýa özgertmeleri bilen goňşy ýurtlara, sebite, gerek bolsa, beýleki ýurtlara hem ibermäge taýýardygyny ýene-de bir gezek görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, “Arçman” şypahanasynda goşmaça täze binalar toplumyny gurmak hakynda Kararlara gol çekdi, şeýle hem Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylarynyň düzümini, Ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady.

29-njy oktýabrda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ählihalk baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Birnäçe günläp dowam eden baýramçylygyň çäklerinde sergiler, maslahatlar we döredijilik bäsleşikleri geçirildi. Bu baýrama gabatlanyp, paýtagtymyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň üçünji mejlisi guraldy. Onuň gün tertibine iň gadymy tohumlaryň biri bolan alabaýlaryň sanyny artdyrmak, olary gorap saklamak we öwrenmek, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan milli itşynaslyk sungatymyzy has-da ösdürmek boýunça assosiasiýanyň öňünde durýan meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň iň öňdebaryjy kinologlaryna «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar dakylyp, assosiasiýanyň täze agzalaryna şahadatnamalar gowşuryldy.

Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň we döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilen mowzuklaýyn bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Abraýly emin agzalarynyň gelen çözgüdine laýyklykda, “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” adyna Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli Akhan atly türkmen alabaýy mynasyp boldy.

Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty we sergini görkezmek bolar. Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda eksponentleriň 70-e golaýy, şolaryň hatarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň 40-a golaýy, hususan-da, Azerbaýjan Respublikasyndan, Beýik Britaniýadan, Daniýadan, Italiýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýa Federasiýasyndan, Singapurdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Türkiýe Respublikasyndan, Fransiýadan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan wekiller diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Sergi uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, çykarmak, ibermek we saklamak ulgamyny üpjün etmek, çuň burawlamak, ozalky hereket edýän turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, olaryň täzelerini gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmak babatda hyzmatlaryň giň toplumyny özünde jemledi. Maslahatda energetika bazarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlara we hyzmatdaşlygyň geljegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak, täzelerinde gazyp almak işini işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere garaldy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerini uly möçberde eksport edijileriň biri bolmak bilen, olary ibermegiň durnukly halkara ulgamlarynyň kemala getirilmegi ugrunda çykyş edýär.

Şeýle-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu pudakda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary guraldy.

Geçen hepdede Aşgabadyň doganlaşan şäheri Albukerkede Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Medeniýet günleri geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, döredijilik çärelerine gatnaşmak üçin düzümine ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary giren wekiliýet ABŞ-a ugradyldy.

Medeniýet günleriniň çäklerinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat, muzeý gymmatlyklarynyň, milli lybaslaryň, halylaryň, şaý-sepleriň sergisi, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Albukerkäniň ýaşaýjylary üçin Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň wekiliýeti muzeýe, Nýu-Meksiko uniwersitetine, şäher häkimligine baryp, Aşgabat we Albukerke şäherleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, hususan-da, medeni ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugurlaryny maslahatlaşdylar.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijeli ösdürilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döwletimiziň bu syýasaty dünýä jemgyýetçiligi bilen syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.