Ï «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» elektron žurnalynyň nobatdaky sany çykaryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» elektron žurnalynyň nobatdaky sany çykaryldy

view-icon 4516
«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» elektron žurnalynyň nobatdaky sany çykaryldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalyň üçünji sanyny çykardy. Ondaky makalalar alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlaryndaky gözlegleriniň netijelerini görkezýär.

«Çöller bilen oazisleriň wagt we giňişlik boýunça özara täsiriniň dinamikasy» makalasynda Türkmenistanyň oazisleriň töwereginde emele gelen ekologiýa taýdan kynçylyk çekýän sebitleriniň karta-çyzgysy barada maglumatlar bar. Ol daşky gurşawy goramak çäreleriniň işlenip düzülmegine kömek eder. 

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça internet-portaly» atly makala Türkmenistanyň şertlerinde fotoelektrik Gün we ýel elektrik stansiýalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak hem-de olary netijeli ulanmak üçin iň amatly tebigy ýerleri ylmy taýdan delillendirip saýlamaga bagyşlanýar. Makalanyň awtorlary ýurdumyzyň Gün we ýel energiýa gorlaryna baha bermek üçin Gün hem-de ýel energiýa desgalarynyň ýerleşýän ýerlerini dogry kesgitlemäge mümkinçilik berýän bitewi maglumat merkeziniň we internet portalynyň döredilendigini belleýärler.

«Önümli gatlaklary açmak we guýulary özleşdirmegiň usuly» atly makalada nebit-gaz pudagynyň ylmy-tehniki esaslaryny gowulandyrmak üçin amaly ähmiýetli önümli gatlaklardan nebit we gaz çykarmak üçin amatly buraw usulyny saýlap almak meselesine garalýar. Onuň Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin strategiki ähmiýetli nebit-gaz pudagynyň ylmy-tehniki esaslaryny kämilleşdirmek üçin amaly ähmiýeti uludyr. «Topragyň şorlaşmagyna garşy biotehnologik usullar» makalasy oba hojalygy önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin toprakdaky duzlaryň mukdaryny azaltmak meselesine bagyşlanýar.

Tegmilli alapakyr tohumyndan gury ekstrakt almak üçin innowasion usula we deri kesellerini bejermegiň netijeli usulyna bagyşlanan makalalar lukmançylyk ylmyna degişlidir. «Köçe-ýol hereketini dolandyrmak ulgamynyň işini oňaýlaşdyrmak» makalasynda çatryklaryň ulag geçirijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen ýolyşykly dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça teklipler berilýär.

«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» elektron žurnalynyň üçünji sanyndaky makalalaryň awtorlary akademiki we ýokary okuw mekdepleri ylmynyň wekilleridir, olaryň arasynda ýurtda belli tanymal we ýaş alymlar bar.