Ï Türkmenistanyň Mejlisiniň karary Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 5344

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Arkadag şäherinde şäher hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, guramaçylyk, dolandyryş babatda amatly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny göz öňünde tutup, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

1. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 102 gektar ýerini hem-de Aşgabat şäheriniň 17 gektar ýerini, şu kararyň goşundysyndaky çyzga laýyklykda, Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirmeli.

2. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
D.Gulmanowa.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 8-nji noýabry.