Paýtagtyň ylmy jemgyýetini we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny ýygnan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň mejlisler zalynda «Oba hojalygynda giňişlik tehnologiýalaryny ulanmagyň mümkinçilikleri» atly oba hojalygynyň innowasiýalary boýunça seminar geçirildi.
Alymlaryň duşuşygyň maksady agrobiodürlüligiň genofondyny – ýurduň baýlygyny, akademiýa tarapyndan geçirilen gözlegleriň netijeleri bilen kollegial tanyşlygy goramak bilen bir hatarda, azyk howpsuzlygy barada döwlet syýasatyny goldamak üçin oba hojalygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, TYA-nyň we pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň oba hojalygy önümçiligi we gaýtadan işlemek pudagyny, seçip almak we tohumçylyk, energiýa netijeliligi ilerletmek, suw we ýer serişdelerinden tygşytly peýdalanmak, ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny goramak, merkeziň özara peýdaly ylmy-amaly taslamalary we teklipleri işjeňleşdirmek bolup durýar.
Merkeziň esasy ylmy işgärleri we aspirantlary ýygnanlary öz gazanan üstünlikleri, meýilnamalary we häzirki alyp barýan işleriniň gidişi bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem olar Russiýanyň we Belarus Respublikasynyň biotehnologiýa pudagyndaky ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlykda ylmy işiň täze ugurlary, hytaý we türk kärdeşleri bilen bilelikde nanotehnologiýa pudagynda meýilleşdirilen ylmy barlaglar barada gürrüň etdiler. Çykyş edenlerden Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi Milli institutynyň biodürlülik barlaghanasynyň ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Olga Arzýamowa pagtaçylykda biotehnologiýa, hususan-da, «in vitro» usulynda turbajykda gowaça tohumlaryny juda arassa gurşawda ösdürip ýetişdirmek mümkinçiligi barada gürrüň berdi. Onuň belleýşi ýaly, synagyň maksady molekulýar biologiýany we genetiki inženerçiligi ulanyp, geljekde kesgitlenen aýratynlyklary bolan gowaça ugurlaryny döretmek – ýokary süýümiň hili, hasyllylygy, kesellere we zyýankeşlere garşy duzlara durnukly arassa ekin almakdyr.
Oba hojalygy ýer bilen ýakyndan baglanyşyklydyr, bu hem topraklaryň ýagdaýyny öwrenmegi we ýeriň hasyllylygyny saklamagy göz öňünde tutýar. GIS tehnologiýalary barlaghanasynyň ylmy işgäri Nikolaý Nikolaýew öz tanyşdyryş çykyşynda merkeziň geografiki maglumatlar ulgamlary, ýagny GIS tehnologiýalary esasynda düzülen toprak kartogrammalaryna esaslanyp, ýerleriň hasyllylyk derejesini öwrenmek baradaky taslamasy barada hasabat berdi. Ylmy taslama Änew şäherinde ýerleşýän Ylmy-barlag institutlarynyň biriniň sargydy ýerine ýetirilende ulanyldy. Bu ýerde meýdan barlaglary geçirildi, alnan nusgalary barlaghanalarda öwrenildi, soňra giňişleýin derňew we interpolýasiýa arkaly toprakdaky ýokumly maddalaryň – azodyň, fosforyň, kaliniň, çüýrüntginiň düzümi, şeýle hem topragyň turşulyk we duzlulyk derejesi ýüze çykaryldy. Geljekde oba hojalygynyň şahsy pudagy bilen hyzmatdaşlykda bu ugurda işleri ýaýbaňlandyrmak göz öňünde tutulýar.
Tehnologiýalar merkeziniň aspirantlary Hekim Bekmyradow we Şöhrat Atamanow ýaş nesle wekilçilik etdiler. Olaryň birinjisi diňleýjileri uzak aralykdan şor topraklara gözegçilik etmegiň usullary bilen tanyşdyrdy, ikinjisi hemra maglumatlaryndan peýdalanyp oba hojalygy ýerlerindäki üýtgeşmeleri öwrenmek barada gürrüň berdi. Magtymguly adyndaky TDU-nyň geografiýa fakultetiniň ekologiýa kafedrasynyň mugallymy Serdar Hudaýnazarow häzirki wagtda bu ugurda synagdan geçirilýän iş bilen tanyşdyrdy. Ol elektrik toksuz ýa-da ýangyçsyz, kiçeňräk Gün paneli arkaly işleýän wakum usuly bilen meýdana suw çykarýan awtomatiki suw sorujysydyr.