Ï «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň üçünji oýnuna taýýarlyk görülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň üçünji oýnuna taýýarlyk görülýär

view-icon 6007
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň üçünji oýnuna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we onuň Ýaş diplomatlar mekdebi «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň saýlama tapgyrynyň üçünji oýnunyň temasyny we senesini yglan etdi.

Bäsleşige gatnaşjak täze topar, ýagny Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky mekdepleriň ýokary synp okuwçylary üçin üçünji oýun şu ýylyň 28-nji noýabrynda geçiriler. Öňde duran oýun «Afşar türkmen döwletiniň daşary syýasaty we halkara gatnaşyklary» mowzugyna bagyşlanar.

Guramaçylar mowzuga laýyklykda, ýaryşa taýýarlanmak üçin gatnaşyjylara maslahat berilýän edebiýatyň giň sanawyny taýýarladylar. Bu sanaw Daşary işler ministrliginiň HGI-niň www.iirmfa.edu.tm resmi saýtynyň bildirişler bölüminde ýerleşdirildi.

Onda 50-den gowrak neşir bar, olaryň saldamly bölegi dürli ýazyjylaryň beýik akyldar şahyr Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlap ýazan kitaplarydyr. Bäsleşikde ajaýyp şahyryň edebi mirasynyň mowzugy, terjimehaly we döwri barada giňden gürrüň ediler.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2023-2024-nji okuw ýyly üçin taslamanyň üçünji möwsüminiň «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragydyr» şygary bilen geçýändigini ýatladýarys.

Üçünji oýna gatnaşjaklaryň ygtyýarynda akyl-bilim bäsleşigine taýýarlanmak, teklip edilýän edebiýaty ulanmak arkaly bilimlerini täzelemek we üstüni ýetirmek üçin ýene iki hepde wagt bar.

Şeýle hem bu ägirt taslamanyň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 9-njy, 10-njy we 11-nji synp okuwçylary üçin guralandygyny we mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrma, geljekde diplomat işini üstünlikli alyp barmagy üçin zerur bilimi we häsiýetleri bolan iň ukyply we zehinli okuwçylary ýüze çykarmagy maksat edinýändigini ýatladýarys.