Ï «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» ösüp barýan nesliň kuwwatly mümkinçiligini ýüze çykarýan taslamadyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» ösüp barýan nesliň kuwwatly mümkinçiligini ýüze çykarýan taslamadyr

view-icon 4920
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» ösüp barýan nesliň kuwwatly mümkinçiligini ýüze çykarýan taslamadyr

Parahatçylykly ösüşde üstünlik gazanmak we oňa ýaş nesliň gatnaşmagy babatynda ugrunyň dogrulygyny hiç bir zat taslamanyň ady ýaly anyk görkezmeýär. Taslamanyň ýeňijileri we oňa gatnaşanlar bilen söhbetdeş bolanyňdan soň, şunuň ýaly netijä gelýärsiň.

Ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary we geljekde jemgyýete peýdaly bolmaga çalyşýanlar, häzirki zaman ylmynyň, tehnologik ösüşiň, edebiýatyň we sungatyň dürli ugurlary boýunça bilimlerini görkezmek bilen sosial optimizmiň ýokary derejesini, geljege we jemgyýetimiziň ösüşiniň geljegine kämil garaýşy görkezýärler.

Häzirki şertlerde ýaş nesliň sosiallaşmak meselesiniň syýasy we sosiologiýa ylymlarynyň wekillerinden aýratyn ünsi talap edýändigi gizlin däl. Ýaşlar milletiň we döwletiň ösüş mümkinçiligi hökmünde garalýan jemgyýetçilik topardyr, ýurduň geljegi-de şoňa baglydyr. Hünärmenleriň pikiriçe, bu topar özboluşly gizlin çeşme bolup, jemgyýetiň ýaşaýyş ukyplylygy onuň işe girizilmegine baglydyr, bu bolsa, öz gezeginde, barlagçylaryň özüňi tanamak we döwre laýyklykda özüňi syýasy alyp barmak meselelerine gyzyklanmasyny kesgitleýär.

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasyna gatnaşýanlar we ýeňijiler, şeýle hem institutyň talyplary Türkmenistanyň bitaraplyk pelsepesine esaslanýan daşary syýasatyna düşünjelilik we makullama bilen garaýarlar. Olaryň hemmesiniň watançylyk ruhunda terbiýelenendigi begendirijidir, çünki hut Watana bolan söýgi olaryň esasy durmuş gymmatlygydyr. Ýaşlar häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeginde bolup geçýän wakalara biperwaý garamaýarlar.

Institutyň talyplary-da, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary-da» jemgyýetçilik ösüşiniň ýerligi hasaplanýan milli, raýatlyk muwapyklygyň bardygyny görkezýärler. Raýatlyk muwapyklygy bolsa jemgyýetçilik aýratynlygyň bir bölegi hökmünde şahsyýetiň özüni milleti, döwleti bilen bir bilmeginiň netijesidir we raýat aňynyň ösmegi hem jemgyýetçilik işjeňliginiň ýüze çykmagy üçin esas bolup hyzmat edýär. Şundan ugur alyp, durmuş strategiýalary syýasy we raýatyň özüni alyp barşy üçin iň möhüm esas hökmünde döreýär.

Türkmenistanyň häzirki zaman durmuş-ykdysady ösüşiniň aýratynlyklary ýurdumyzyň ýaşlarynyň mümkinçiliklerini ýüze çykarmak üçin amatly gurşawyň bardygyny görkezýär. Aslynda, hemmelerde diýen ýaly geljege bolan ynam bar, bu bolsa, şübhesiz, geljegiň gurluşyna täsir eder. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasy hut şunuň ýaly ýaşlar üçin göz öňünde tutulandyr. Bu taslamany durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň topary diňe bir halkara gatnaşyklaryň we diplomatik işiň dürli ugurlarynda başarnykly hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen möhüm meseläni ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, uçurymlarynyň ýurduň daşary syýasat bölüminiň köptaraply işlerine üstünlikli girişmegi üçin zerur şertleri döretmäge-de çalyşýar.

Ýurduň, döwletiň taryhy esaslaryny ýada salsak, ýaşlarymyza gowy miras galandyr. Dünýä üçin giňden açyklygy we beýleki ýurtlardyr halklar bilen gepleşiklere meýilliligi gadymy we orta asyr türkmen döwletleriniň kuwwatynyň, ösüşiniň, güllemeginiň we abadançylygynyň esasy şerti bolupdyr.

Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik ösüşiniň daşary syýasaty üçin bitarap modeli saýlamagy gaty mantyklydyr. Bitarap modeli halkymyzyň taryhy kesgitländir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň giňişleýin kesgitlemesine görä, Türkmenistanyň Bitaraplygy biziň uly baýlygymyzdyr. Onuň gymmaty halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edildi. Bu parahatçylygyň we dostlugyň, ynsanperwerligiň we ak göwünliligiň, hyzmatdaşlygyň we ösüşiň dabaralanmagyny üpjün edýän taglymatdyr.

Döwletimiz bu gün halkymyzyň taryhy däplerini dowam etdirip, beýleki halklar bilen gatnaşyklaryny medeniýete, däp-dessurlara we halklaryň taryhy hatyrasyna hormat goýmak esasynda gurýar we özara peýdaly we deňhukukly syýasy, ykdysady we ynsany gatnaşyklary giňden ösdürýär. Bularyň hemmesi taslamada aýdyňlaşdyrylyp, «Parahatçylygyň ýaş çaparlarynyň» çykyşlarynda we jogaplarynda aýdyň ýüze çykýar we anyk bellenýär. Bu ýagdaý bizi begendirmän bilmez. Taslama gatnaşýanlaryň aglabasynyň Türkmenistanyň daşary syýasat başlangyçlary, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli iri transmilli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen tanyşlygy diýseň begendirijidir.

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşýanlaryň iň zehinlilerini kesgitlemäge mümkinçilik bermekden başga-da, ýurdumyzyň ýaşlarynyň söýgüli Watanymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna öz mümkinçiligini ulanmaga we Türkmenistanyň sebitde hem bütin dünýäde parahatlygy we howpsuzlygy goramaga gönükdirilen parahatçylyk söýüji daşary syýasaty başlangyçlarynyň çaparydyr jarçysy hökmünde çykyş etmäge ir döwürden taýyn bolan bölegini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Öwezdurdy Muhammetberdiýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklar we diplomatiýa kafedrasynyň professory, sosiologiýa ylymlarynyň doktory.