Ï Türkmen talyplary Indoneziýada geçen Halkara ylym we oýlap tapyşlar ýarmarkasynda mynasyp çykyş etdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary Indoneziýada geçen Halkara ylym we oýlap tapyşlar ýarmarkasynda mynasyp çykyş etdiler

view-icon 6640
Türkmen talyplary Indoneziýada geçen Halkara ylym we oýlap tapyşlar ýarmarkasynda mynasyp çykyş etdiler

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYÖU) talyplary Indoneziýanyň Bali adasynda geçirilen Halkara ylym we oýlap tapyşlar ýarmarkasynda (ISIF) ilkinji gezek çykyş edip, ýeňiş gazandylar.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň «Kompýuter tehnologiýalary» hünäri boýunça 3-nji ýyl talyplary Ahmet Akyýewden we Sapardurdy Berdiýewden ybarat topary «Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary» bölüminiň mugallymy Musa Ýazymowyň ýolbaşçylygynda Watanymyza altyn medallar we arzyly ýeňiji Kubogy bilen gaýdyp geldiler. 

Halkara ynsanper wer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň saýtynda habar berlişi ýaly, bu abraýly halkara wakada uniwersitetimiziň topary «Gytçylykdan durnukly ösüşe: tehnologiýalaryň suwy tygşytlamakdaky, gurakçylyga we howanyň üýtgemegine garşy göreşdäki kömegi» atly ylmy taslamany hödürledi.

Bilimlerini, ukyplaryny we oýlap tapyjylygyny belent derejede görkezen uniwersitetiň topary emin agzalarynyň ýokary bahasyna we baýraklara mynasyp boldy. 

Akyl-bilim bäsleşigine 22 ýurtdan dürli bilim derejeli 800 talyp gatnaşyp, degişli toparlarda çykyş etdiler. Talyplar matematika, fizika, energetika, inženerçilik, durmuş ylymlary, tehnologiýa, daşky gurşaw, jemgyýetçilik ylymlary we bilim pudagy ýaly ugurlarda öz taslamalaryny, işläp düzen zatlaryny, oýlap tapyşlaryny görkezdiler.

Talyplar we hünärmen mugallymlar üçin halkara ISIF çäresi Indoneziýanyň Bilim we medeniýet ministrliginiň goldawy bilen her ýyl Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasy (IYSA) we Indoneziýanyň Halkara durmuş ylymlary instituty tarapyndan guralýar.

Bäsleşigiň on ýyllyk taryhy bar, ol 2013-nji ýylda başlanypdy. Çärä gatnaşýan ýurtlaryň sany ýylsaýyn artýar. Olaryň arasynda Malaýziýa, Taýland, Singapur, Hytaý, Hindistan, Tunis, Müsür, BAE, Türkiýe, Germaniýa, Fransiýa, Ispaniýa, Portugaliýa, Italiýa, Gresiýa, Beýik Britaniýa, Belarus, ABŞ, Kanada, Braziliýa, Argentina we beýlekiler bar.

ISIF-i geçirmegiň baş maksady ýaşlaryň ylym, oýlap tapyşlar we innowasiýalar baradaky bilimlerini giňeltmek we okuwçylaryň ylmy bilimlerini iş ýüzünde ulanmak ukyplaryny ösdürmekdir. ISIF ýaş zehinleriň işjeňligini, döredijiligini we innowasion mümkinçiligini ösdürmek we höweslendirmek üçin bir ýerlikdir.