Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy. Şolaryň hatarynda milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ylym-bilimiň we tehnologiýalaryň ähmiýetini artdyrmak, ýurdumyzy ösdürmegiň innowasion usullary, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň döwrebap derejesini üpjün etmek ýaly ugurlar bar.
13-nji noýabrda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, welaýatlaryň häkimlerine şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz hem-de Eýranyň doly ygtyýarly wekili ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasakini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň milli bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine üns çekildi.
14-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň gurluşyk meýdançalarynda ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşdy. Şeýlelikde, Stomatologiýa merkezi, Halkara pediatriýa merkezi, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi hem-de “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çägindäki Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi milli saglygy goraýyş ulgamynyň garamagyndaky edaralaryň sanawynyň üstüni ýetirer. Döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryljak täze desgalaryň gurluşyk işleri öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak esasynda ýokary depginde alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz şäheriň merkezi böleginde ýerleşýän seýilgäh zolagyny, onuň çäklerinde bar bolan ugurdaş desgalary synlady we şäher ilatynyň, myhmanlarynyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň wagtlaryny şadyýan, gyzykly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döretmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýaşlarda zähmet we döredijilik başarnyklaryny kemala getirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň möhümdigini belläp, täze “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň bina ediljek ýerini kesgitledi hem-de degişli halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz guşuçar belentlikden Büzmeýin etrabynyň çäklerinde gurluşygy batly depginde dowam edýän toplumlarda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy, “Parahat” ýaşaýyş toplumyndaky işleriň ýagdaýy, ilatyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmak boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylyşy bilen gyzyklandy we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.
16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. “Akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň çäklerinde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumyny, ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag däneçilik we ekerançylyk institutlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu ministrligiň garamagyndaky ýene bir ylmy merkez — Ylmy-barlag pagtaçylyk instituty Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda bina ediler.
Döwlet Baştutanymyz ylmy-barlag işleriniň işjeňleşdirilmegini we obasenagat toplumynyň düzümleriniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini göz öňünde tutmak bilen, ýokarda agzalan taslamalara täzeden seretmegi, binalary gurmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyz daýhan zähmeti üçin ýeňillikli şertleri döretmegiň wajypdygyny, şol sanda olary ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmalydygyny belledi we degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýy kabul etdi. Duşuşykda nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşmagyň, dostlugyň ýokary derejesi, şeýle hem halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygy netijeli döwletara dialogy ösdürmäge oňaýly şertleri döredýär.
Taraplar “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ençeme asyrlar mundan ozal onlarça döwleti söwda, maglumat we medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň hil taýdan gaýtadan dikeldilip, däp bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýändigi nygtaldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol gün Ma Sinžuýyň ýolbaşçylygyndaky HHR-iň wekiliýeti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan strategik hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine garaldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy düzgünlerine laýyklykda, döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen möhüm wezipeleri nazara almak esasynda amala aşyrylýan kanun çykaryjylyk işi, bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek, «Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz çykaryş ulgamlarynda döwrebap tehnologiýalary ulanmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň gurluşygynyň guramaçylyk möhletleri garalan meseleleriň hatarynda boldy.
Şu ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara derejeli çärelere taýýarlyk görlüşi barada-da hasabat berildi. Şolaryň hatarynda “Agro-Pak Türkmenistan — 2023” atly halkara sergi, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisi, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi, “Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant” atly halkara ylmy-amaly maslahat, şeýle hem Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak bilelikdäki iş toparynyň birinji duşuşygy bar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP-28), şeýle hem 26 — 28-nji noýabrda geçiriljek howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Ýaşlar maslahatyna (COY-18) gatnaşar.
Ýurdumyzyň talyplarynyň Polşa Respublikasynda dünýäniň dürli ýokary okuw mekdepleriniň 30-synyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen Halkara toparlaýyn matematika olimpiadasynda üstünlik gazanyp, 8 altyn, 11 kümüş we 6 bürünç medala mynasyp bolandyklary, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek halkara olimpiadalara görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.
ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin bu guramanyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanandygy hakynda hoş habaryň gelip gowşandygy barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Biz muňa ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde baha berýäris” diýip belledi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda degişli Karara gol çekip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň gurluşyny, şeýle hem akademiýa okuwa kabul etmegiň tertibini tassyklady.
17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşy kabul etdi. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda döwlet Baştutanymyz hem-de EYR-nyň ýol we şähergurluşyk ministri söwda-ykdysady gatnaşyklaryň döwletara gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigini nygtadylar. Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orny eýeleýär. Ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk ulgamlary, oba hojalygy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da işjeňleşýändigi bellenildi we bilelikdäki hökümetara toparyň orny nygtaldy.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini kabul etdi. Taraplar uzak möhletlilik, özara bähbitlilik häsiýetine eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ýurtlarymyzyň söwda-ykdysady, maliýe, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BAE-den hyzmatdaşlary ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri halkara energetika taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy hem kabul etdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz halkara giňişlikde öz hereketlerini netijeli utgaşdyrýarlar hem-de tagallalaryny birleşdirýärler. Söhbetdeşler iki doganlyk döwletiň Baştutanlarynyň arasynda emele gelen ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň derejesine ýokary baha berip, yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berýändigini nygtadylar.
Köpugurly hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösüş depginini görkezýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlyk işjeň giňeldilýär.
Geçen hepdäniň beýleki wakalaryna geçmek bilen, Aşgabatda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa (CASCA+) halkara multimodal üstaşyr ulag ugry boýunça agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisiniň geçirilendigini bellemek gerek. Duşuşyk logistik düzümleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, “CASCA+” ulag geçelgesiniň işjeňleşdirilmegi, awtoulag, deňiz, demir ýol we howa ulaglary arkaly ýük daşamalarda ulag mümkinçiligini durmuşa geçirmek maksadyndan ugur alnyp, gatnaşyjy ýurtlaryň tejribe alyşmaklary bilen bagly meselelere bagyşlandy.
Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň wekilleriniň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň iýul aýynda bu dostlukly ýurda amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşan Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministri Halid Al Falih özüniň Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň saud böleginiň ýolbaşçylygyna bellenilendigini habar berdi we Türkmenistany şu ýylyň dekabrynda Saud Arabystany Patyşalygynda geçiriljek Halkara ykdysady foruma gatnaşmaga çagyrdy. Bellenilişi ýaly, forumyň yzysüre hökümetara toparynyň nobatdaky 7-nji mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň maý aýynda «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde öňe süren başlangyjy esasynda Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçirildi. Bilim, ylym, innowasiýalar, medeniýet, sungat ýaly ugurlarda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda boldy.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine söwda-ykdysady, nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýalary ulgamlarynda, oba we suw hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi. Maýa goýumlar boýunça we işewür düzümleriň arasynda, şeýle hem daşky gurşawy goramak, gidrometeorologiýa, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine garaldy. Mejlisiň netijeleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Türkmen-eýran işewürlik maslahatynyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy geljekde-de dowam etdirmek, milli ösüş maksatnamalaryny we sebitleýin hyzmatdaşlygy göz öňünde tutup, onuň özara bähbitli ugurlaryny kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýaýbaňlandyrylan «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergide Eýran Yslam Respublikasynyň gurluşyk serişdelerini öndürýän kompaniýalarynyň, azyk, lukmançylyk senagaty, ýol gurluşygy, oba hojalygy, nebitgaz we himiýa pudaklary, ulag-logistika, aragatnaşyk, gämigurluşyk ulgamlary, söwda hyzmatlary üçin dürli enjamlar bilen üpjün edijileriň 100-e golaýy hödürleýän harytlarydyr hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar.
Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal ýurdumyzyň medeni durmuşynda ýatda galyjy wakalaryň biri boldy. Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň meşhur döredijilik toparlary täze sahna eserlerini görkezdiler. Şol eserler arassa duýgulara, çuňňur özboluşlylyga beslenendigi, hiç haçan gymmatyny ýitirmejek ynsaplylyk, borç, söýgi we dostluk, wyždan arassalygy, adam mertebesi, ýaşaýşyň manysynyň gözlegi ýaly düşünjeler bilen berk baglanyşýandygy bilen tapawutlanýar.
Forumyň çäklerinde teatr ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda teatr sungatyny ösdürmäge, onuň milli medeniýeti gorap saklamakdaky ähmiýetine, ruhy mirasy geljek nesillere geçirmäge hem-de «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala gatnaşyjy döwletleriň teatrlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bagyşlanan iş maslahaty geçirildi.
Aşgabat we Türkmenabat şäherleriniň sahnalary Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Döredijilik çäresiniň çäklerinde dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň konsertleri, amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy, ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli giňeltmek boýunça durmuşa geçirýän syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.