Ï Wagtlaýyn ýaşaýyş mesgenlerini giňeldýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Wagtlaýyn ýaşaýyş mesgenlerini giňeldýärler

view-icon 4509

Ak guýrukly bürgütler Türkmenistanyň demirgazygyndaky wagtlaýyn mesgenlerini giňeldýärler.

Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, ozal bu iri ýyrtyjy guşlar, esasan, Sarygamyş kölünde gyşlaýan bolsa, indi Zeňňi-baba, Uzynşor we göçýän guşlaryň uçuş ýoly bolan täze «Altyn asyr» Türkmen kölüniň akymlarynda gabat gelýär.

Esasy iýmitleri käbir suw guşlary we balyklar bolansoň, täze ýerlerde ak guýrukly bürgütleriň peýda bolmagy, ol ýerleriň howpsuz, amatly howa şertleri we sebiti haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyryp biler diýip çaklamak bolar. Gyşda bu ýere Ýewropadan uçup gelýän owadan guşlaryň köpelmegi olaryň goraghanadaky sanynyň artmagyna getirer diýen pikiri döredýär.

Hünärmenler her ýylda gyşlaýan guşlaryň hasabyny ýöretmek bilen adatça, demirgazyk Türkmenistanyň suw howdanlarynda guş görnüşleriniň onlarçasynyň gyşlaýandygyny mälim etdiler. Bulara ördekler, ak guwlar we beýlekiler degişlidir.

2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen Bütindünýä miras komitetiniň 45-nji mejlisinde Türkmenistanyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr», «Repetek» we «Ýaraji» sähra ekoulgamlarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini ýatlamak ýakymlydyr.

Bu goralýan ýeriň biodürlüligini gorap saklamakda, ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak barada alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmekde, ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsine yzygiderli gözegçilik etmekde Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň işgärleriniň öňünde anyk wezipeleri goýýar.