Ï Aşgabatda Koreýa medeniýetiniň agşamy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Koreýa medeniýetiniň agşamy geçirildi

view-icon 3680
Aşgabatda Koreýa medeniýetiniň agşamy geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan sişenbe güni Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilen «Koreýanyň milli baýramlary» agşamy oňa gatnaşanlaryň ýadynda aýratyn dostluk we hoşniýetlilik ýagdaýy bilen galar.

Guramaçylaryň wekilleri we Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasyndan gelen myhmanlar barha ösüp barýan türkmen-koreý gatnaşyklary barada gürrüň bermek bilen, iki halky birleşdirýän medeni hem ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtadylar. Watana, onuň tebigatyna, halkyna söýgi we ýagty geljegine ynam içinden eriş-argaç bolup geçýän eseriň, ýagny Magtymgulynyň meşhur «Türkmeniň» goşgusynyň talyplar tarapyndan türkmen we koreý dillerinde okalmagy munuň aýdyň mysaly boldy.

Agşamyň ruhuňa ruh goşýan howasyny, esasan, Aşgabadyň saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň okuwçylary – eşitmek, görmek we gürlemek ukyby pes, ýöne örän zehinli çagalar kesgitledi. Ýüzleri ylham bilen nurlanan çagalar üm hem el hereketleri bilen aýdym aýtdylar, tans etdiler, koreý myhmanlaryna çeken suratlaryny görkezdiler we öz gyzyklanýan zatlary hakynda gürrüň berdiler, şeýtmek bilen-de, haýran galan tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Zalda oturan talyplar üçin bu her bir adamyň ösmek üçin ähli mümkinçilikleriniň bolmagyny we yza galmazlygy üpjün edýän giň gerimli jemgyýetiň ynandyryjy mysaly boldy.

Sagdynlara goşulyşmagyň ähmiýetini Innowasiýa maglumat merkezinde mümkinçilikleri çäkli çagalar baradaky wideo-da aýdyň tassyklady. Bu merkezde kompýuter derslerinde okatmak üçin koreý hyzmatdaşlary tarapyndan üpjün edilen ýörite enjamlar ulanylýar. Merkeziň alyp barýan işi barada tanyşlykda bellenip geçilişi ýaly, saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň okuwçylaryna we ýaşuly nesliň wekillerine bilim hyzmatlary mugtdur, bu bolsa onuň wezipesi barada hakyky düşünje berýär.

Koreýanyň Innowasiýa maglumat merkezi agentligi bilen hyzmatdaşlykda döredilen Innowasiýa maglumat merkezi ýaşynyň ýa-da saglygynyň çäkliligi sebäpli, häzirki zaman maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny öwrenmesi kyn bolanlary-da goşmak bilen, hemmelere maglumat elýeterliligini üpjün etmek üçin döredildi. Bu nukdaýnazardan, Innowasiýa maglumat merkezi Türkmenistanda giň gerimli bilimi we jemgyýeti ösdürmekde öňdebaryjylardan biridir.