Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti maglumat tehnologiýalary temasyndan bilelikdäki onlaýn-bilim maslahatyny geçirdiler.
Bilim çäresine paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň fakultetleriniň birnäçesiniň mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň ugurdaş hünärmenleri çykyş etdiler, hünär tejribesi paýlaşyldy we pikir alşyldy.
Hususan-da, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kompýuter tehnologiýalary we ulgamlary kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Kerim Annaberdiýew «Bulut tehnologiýalary» temasyndan çykyş etdi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň müdiri Maksat Çüriýewiň çykyşynda maglumatlar binýadyny döretmek temasy jikme-jik beýan edildi.
Çäre hünärmenlere maglumat tehnologiýalaryny ulanmakda we kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde ileri tutulýan wezipeleri, şeýle hem IT-niň ylym hem bilim pudagynda ähmiýeti we netijeliligi barada bilelikde pikir alyşmaga mümkinçilik döretdi.
Şeýle hem maslahat oňa gatnaşanlara maglumat howpsuzlygy gurallaryndan başy çykýan we häzirki zaman sanly gurşawda maglumat hem-de kommunikasiýa tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini özbaşdak we başarnykly ulanyp bilýän ýaşlary terbiýelemäge gönükdirilen täze pikirleri paýlaşmaga mümkinçilik berdi.