Ï Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary kiberhowpsuzlyk hakatonynda gowy netije görkezdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary kiberhowpsuzlyk hakatonynda gowy netije görkezdiler

view-icon 3975
Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary kiberhowpsuzlyk hakatonynda gowy netije görkezdiler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň geçiren maglumat howpsuzlygy ýaryşyna ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň 15-sinden 25 topar gatnaşdy.

Hakatonyň «Tehniki işleriň esasynda meýdançany ösdürmek» temasyna laýyklykda, oňa gatnaşyjylaryň esasy wezipesi howpsuz sanly hyzmatlary döretmek ýaly tehniki meseleleri ýerine ýetirmekdi. Şeýle hem talyplar maglumat ulgamlarynyň we saýtlaryň gowşak taraplaryny seljerdiler.

Utuklary boýunça ilkinji üç orny Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň toparlary eýeledi. Ikinji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyplary mynasyp boldular.

Üçünji orna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekilleri düşdüler.

Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda sanly ykdysadyýet ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Häzirki wagtda Türkmenistanda 2021–2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklandy we ol yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Maglumat howpsuzlygy sanly ykdysadyýetiň möhüm bölegidir. Şonuň üçin bu ugurdan hünärmenler döwlet edaralaryna-da, telekeçilik kompaniýalaryna-da zerur we isleglidir. Onuň ähmiýeti barha artar.

Öz gezeginde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde sanly tehnologiýalaryň ösdürilmegine we maglumat howpsuzlygy pudagynda kärine ussat işgärleriň taýýarlanmagyna uly üns berilýär. Şeýle ýaryşlaryň geçirilmegi talyplara ukyp-başarnygyny görkezmäge we ony iş ýüzünde berkitmäge gowy mümkinçilik döredýär.

Hakatonda talyplar kompýuter howpsuzlygy meselelerini çözmekde gymmatly tejribe gazandylar we hünär hem-de toparlaýyn başarnyklary ösdürdiler.