Ï Ýaş alymlar ýerli çig mal serişdelerinden daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýurdumyzda öndürilmeginiň usullaryny işläp taýýarlaýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş alymlar ýerli çig mal serişdelerinden daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýurdumyzda öndürilmeginiň usullaryny işläp taýýarlaýarlar

view-icon 3888
Ýaş alymlar ýerli çig mal serişdelerinden daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýurdumyzda öndürilmeginiň usullaryny işläp taýýarlaýarlar

Türkmenistanda ýylyň ahyrynda meýilleşdirilýän ýaşlar ylmy maslahatyna we sergisine taýýarlyk görülýär. Bu çäreleriň çäklerinde ýaş nesliň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri we ýurdumyzyň ösüşine goşýan goşandy, halkara derejesinde olaryň ornunyň mundan beýläk-de pugtalandyrylýandygy görkeziler.

Ýaş alymlar ykdysadyýetiň innowasiýa ösüşine we sanly özgertmelerine, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutmak hem-de milli eksporty ýokarlandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine goşant goşýarlar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ýaş alymlary «2021–2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasyndan» ugur alyp, ýerli çig mal serişdelerinden netijeli peýdalanyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmekde täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýarlar.

Häzirki wagtda, esasan, dürli maksatly ulanmak üçin daşary ýurtlardan getirilýän suwuk parafinleri öndürmek boýunça institutyň ýaş alymlaryndan aspirant Gadam Amanowyň işläp düzen usullarynyň uly ykdysady ähmiýeti bar. Himiýa institutynda barlaghana şertlerinde suwuk parafini almak üçin ylmy-barlaglaryň geçirilmegi netijesinde ony ýerli çig maldan öndürmegiň has amatly usuly işlenip taýýarlanyldy.

Ylmy barlaglaryň netijelerini we taýýarlanan önümçilik tehnologiýasyny, ýagny ýurdumyzyň çig mallary bolan nebit we gazkondensat känlerinden getirilen nusgalar esasynda seolit adsorbsiýasy arkaly alnan 92,39%-li suwuk parafini Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň dökün önümçiliginde peýdalanylýan himiki serişde hökmünde synagdan geçirilip barlanyldy. Toplumyň önümçilik barlaghanasynda flotasiýa hadysasyna suwuk parafiniň täsiri synagdan geçirilip oňyn netije gazanyldy we önümçilik şertlerinde ulanmak mümkinçiligi barada güwänama alyndy.

Geljekde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ýaş alymlarynyň işläp düzen tehnologiýasyny ulanyp, ýerli çig maldan suwuk parafinleriň önümçiligi ýola goýulsa, nebit, gaz, himiýa, şeýle hem lukmançylygyň himiýa barlaghanalarynyň we dürli boýaglarydyr eredijileri öndürmekde talabyny kanagatlandyrar. Bu diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmeklige saldamly goşant goşman, eýsem, zerur himiki önümleriň eksport edilmegine hem mümkinçilik döreder.