Häzirki wagtda türkmen alymlary dürli ösümliklerden alnan efir ýaglary esasynda derman ýaglaryny öndürmek boýunça «Türkmenderman-Ajanta Farma Limited» türkmen-hindi kärhanasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda iş alyp barýarlar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleriniň ylmy açyşlary ýurdumyzyň ösümlik çig malyndan alynýan dermanlaryň görnüşini we derman önümçiliginiň möçberini ep-esli artdyryp biler. Bu ösümlikleriň biri-de arçadyr. Arça serwi agaçlar maşgalasyna degişli iňňe pürli ösümlikdir. Oňa «türkmen daglarynyň hojaýyny» hem diýilýär, çünki ol daglaryň ekologik ulgamlaryny emele getirýär. Arça gadymy döwürlerden bäri dermanlyk häsiýetleri bilen tanalýar. Onuň baldaklary, miweleri we iňňeleri halk tebipçiliginde bakteriýa garşy, zyýansyzlandyryjy, peşew çykaryjy, wirusa garşy, gakylyk çykaryjy we ýarany bitirýän tebigy serişde hökmünde giňden ulanylýar.
Arçadan öndürilýän dermanlaryň ulanylyşy barada jikme-jik maglumat Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işiniň birinji jiltinde berilýär. Kitapdaky maglumatlara esaslanyp, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ýaş hünärmenleri, inženerler Sergeý Lisowenko we Daýanç Arazow dagy arçanyň dürli böleklerinden efir ýaglaryny almak we olaryň esasynda derman taýýarlamak üçin barlaghana şertlerinde ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar.
Alymlaryň pikiriçe, arça şahalarynda, takmynan, 0,73-0,87% efir ýagy bar. Ol özboluşly ýakymly ysly sarymtyl suwuklykdyr. Ol çylşyrymly düzümi we dürli organik birleşmeleri öz içine alýar. Arçanyň efir ýagy peýdaly dermanlary almak üçin gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär.