Ï Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi

view-icon 4362
Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň dünýä inmeginiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň eserlerinde parahatçylyk ýörelgeleri we ruhy-ahlak gymmatlyklary» atly halkara ylmy we amaly maslahat geçirildi.

Duşuşyk Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň, şeýle hem Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Russiýanyň we Ukrainanyň ýokary okuw mekdepleriniň, diplomatik akademiýalarynyň we merkezleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda gibrid görnüşinde geçirildi.

Maslahatyň umumy mejlisinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, «Türkmenistanyň Gahrymany» Çynar Rustemowa, Gyrgyzystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynyň ylmy işler boýunça orunbasary, taryh ylymlarynyň doktory, professor Z.Kurmanowyň, Kazan federal uniwersitetiniň Ýokary mekdebiniň Halkara gatnaşyklar, dünýä syýasaty we diplomatiýasy kafedrasynyň dosenti B.Alimowyň, TDU-nyň türkmen edebiýaty bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty A.Şyhnepesowyň, W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň Hazar ynsanperwer ylymlary institutynyň filosofiýa, medeniýeti öwreniş we ylahyýet bölüminiň başlygynyň kömekçisi D.Woroşilowyň, Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň wekili Soner Saglamyň we beýlekileriň çykyşlary diňlendi.

Çykyşlar ajaýyp şahyryň gyzykly durmuşyna we baý döredijiligine bagyşlandy. Magtymguly Pyragynyň şu güne çenli ruhy paýhasyň tükeniksiz hazynasy, ahlak we watançylyk duýgularyň çeşmesi, ýaş nesil üçin edep-terbiýe mekdebi, umumadamzat gymmatlyklary hazynasynyň merjeni bolup duran eserleriniň ähmiýetiniň öçmejegi nygtaldy.

Ähli döwürleriň we halklaryň akyldar şahyrynyň eserleriniň dünýäniň dürli künjeginde ynsan kalbyna ornaşyp, dürli dillerde ylham we duýgy bilen ýaňlanýandygy aýratyn buýsanç bilen bellendi.

Soňra halkara maslahat aşakdaky bölümlerde işini dowam etdirdi: «Magtymguly Pyragynyň döwletlilik baradaky taglymatynyň Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň milli bähbitlerini üpjün etmekdäki esasy orny», «Magtymguly Pyragynyň filosofik we edep garaýyşlarynyň aň-bilim ähmiýeti», «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy – adamzat medeniýetiniň hazynasyna goşant».

Maslahata gatnaşanlar onuň türkmeniň nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutan, ähli döredijiligi bilen halky agzybirlige, jebislige we parahatçylyga çagyrmak, şeýle hem garaşsyz döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara hyzmat eden beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasynyň mundan beýläk-de öwrenilmegine we giňden ýaýylmagyna goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň ählisine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan «Magtymgulynyň umumadamzat ähmiýetli parahatçylyk taglymaty we häzirki döwrüň möhüm mysallary» atly ylmy makalalar ýygyndysy gowşuryldy.