Ï Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl

view-icon 34583

Ýurdumyzda söwda we telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny artdyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik ugurlarynyň biridir.

Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şu ýylyň on bir aýynyň netijeleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygynyň, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim artmagy hem şaýatlyk edýär. Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary ykdysady strategiýanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, daşary söwda dolanyşygynda-da ösüş depgini ýokarlandy. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,7 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini 100,7 göterime barabar boldy. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýylyň başyndan bäri 275 sany birža söwdasy geçirilip, 27 müň 762 sany şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109,9 göterime barabar boldy. Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 26 sergi we 78 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 109,4 göterime deň boldy.

Ýurdumyzda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde bu işlere telekeçileriň işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellärliklidir. Milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş derejesini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny dowam etdirmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek, sebitleýin maýa goýum işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy kabul edildi. Bu Maksatnamanyň ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda, sanly ykdysadyýete uýgunlaşan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde uly ähmiýeti bardyr.

Ýurdumyzyň ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna aýratyn ornuň degişlidigini bellemelidiris. 2008-nji ýylda döredilen bu birleşme Diýarymyzyň hususy işewürliginiň 28 müňden gowrak wekilini özünde jemläp, ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk bölegini ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we döwrebap işewürlik düzümlerini kemala getirmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýar. Bu günki gün «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly harytlar dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanyp, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň barha artýandygyny subut edýär.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliklerini giňeltmek, milli önümlerimiziň eksportynyň möçberlerini artdyrmak, elektron senagaty döretmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, syn berilýän ýylyň mart aýynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanyp, birleşmäniň gazanan üstünlikleriniň sergisiniň geçirilendigini bellemek zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz sergide ýurdumyzyň işewür toparlary tarapyndan öndürilýän önümleriň dürli görnüşleri, senagat harytlary bilen tanşyp, kiçi we orta telekeçiligiň eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli zerur çäreleriň durmuşa geçiriljekdigini nygtady. Bellenilişi ýaly, döwlet derejesinde uly üns berilmegi netijesinde, ýurdumyzyň hususy ulgamynyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän orny yzygiderli berkidilýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dürli ugurlar, şol sanda azyk we beýleki harytlaryň önümçiligi boýunça belent sepgitleri eýelemegine giň ýol açýar. Şunuň bilen baglylykda, sergä gatnaşyjylar hususyýetçiligiň işjeň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler.

Häzir ýurdumyzyň telekeçileri gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Olar et, balyk, süýt önümleriniň, çaga iýmitiniň, gök we miwe şireleriniň, maýoneziň, doňdurmanyň, gaplanan önümleriň, şol sanda süýji-kökeleriň dürli görnüşlerini öndürýärler. Şeýlelikde, birleşmäniň agzalary önüm bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, täze iş orunlarynyň döredilmegine-de goşant goşýarlar.

Bitarap ýurdumyzyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde Diýarymyzyň telekeçilerine daşary ýurtlaryň işewürleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasynda “işjeň synçy” derejesiniň bolmagy ýurtda önümçilik düzümlerini ösdürmäge, eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has işjeň goşulyşmaga giň mümkinçilikleri açýar. Türkmen telekeçileri görnüşleri hemişe artýan önümleriniň eksport mümkinçiliklerini ýyl-ýyldan ýokarlandyrýarlar. Oba hojalyk önümlerinden başga-da, dokma pudagynyň önümleri hem-de dürli azyk harytlary eksport ugurly harytlaryň düzümine girýär. Eksport edilýän senagat harytlarynyň arasynda izogam, suwuk bitum goýaltmasy, penopolistirol, polipropilen haltalary, suwuk senagat garyndysy, akkumulýator batareýalary we beýlekiler agdyklyk edýär.

Ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna geçirmegiň, döwrebap özgertmeleri okgunly amala aşyrmagyň netijesinde, Türkmenistan dünýä bazarynda barha ähmiýetli orny eýeleýär. Ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda geçirilýän işewürlik duşuşyklary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini, Türkmenistanyň maýa goýum kuwwatyny açyp görkezmek üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Daşary ýurtly gatnaşyjylara bolsa şeýle duşuşyklar öz geljegi uly taslamalaryny tanyşdyrmak üçin oňat mümkinçilikdir.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda Türkmen-rus işewürlik maslahaty geçirilip, onda hyzmatdaşlygyň anyk meýilnamalary maslahatlaşyldy. Iki ýurduň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, iri önümçilik düzümleriniň, hususy kompaniýalarynyň wekilleri senagat kooperasiýasy, gurluşyk önümçiligi, innowasion hem-de maglumat tehnologiýalary, ulag-logistika, oba hojalyk pudagy, azyk önümleriniň eksporty we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri barada pikir alşyp, anyk teklipleri beýan etdiler. Mart aýynda geçirilen Türkmen-tatar işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde nobatdaky ähmiýetli çäre boldy. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, hususy düzümleriniň we işewürleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Hususan-da, özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleridir geljekki meýilnamalary maslahatlaşylyp, Türkmenistanyň “Halk market” supermarketler söwda toplumy bilen “Naturalnoýe zdorowýe” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda şertnama gol çekildi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdylanda, sentýabr aýynda GFR-de Türkmen-german işewürlik maslahatynyň geçirilendigini bellemek ýerlikli bolar. Ol söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça döwletara dialogyň ýokary derejesiniň görkezijisi bolup durýar. Işewürlik duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň arasynda şertnamalara gol çekildi. Şeýle forumlar dürli pudaklara maýa goýumlaryň gelýän möçberini artdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga we milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Olarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ýollarydyr gurallary kesgitlenilýär.

Şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatyndaky çykyşynda döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň Türkiýe bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň özara bähbitli we netijeli pikirleri hem-de teklipleri hoşallyk bilen kabul etjekdigini nygtap, iki ýurduň işewür toparlarynyň forumda bellenen wezipeleri durmuşa geçirmäge çynlakaý çemeleşjekdiklerine ynam bildirdi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň halkara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigine ýurdumyzyň noýabr aýynda Daşkent şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitine gatnaşmagy hem şaýatlyk edýär. Onda döwlet Baştutanymyz gurama agza döwletleri serhetýaka söwdany we hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de sebit gatnaşyklaryny utgaşdyrmaga çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan kiçi we orta telekeçiligiň üsti bilen işewür gatnaşyklaryň işjeňleşmegine, senagat önümleriniň käbir görnüşlerini, oba hojalyk önümlerini öndürmek, hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ýurtlarymyzyň eýe bolan mümkinçilikleridir meýilleri hakynda has giňden habardar bolmak üçin anyk maglumatlary, teklipleri, işewürlik taslamalaryny we beýleki zerur maglumatlary öz içine alýan maglumat portalyny döretmek baradaky teklibe garamagy öňe sürdi.

Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi. Onda iki ýurduň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda kiçi we orta telekeçilik derejelerinde gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly bolmadyk düzüminiň ösüşini hasaba almak bilen, örän özüne çekiji bolup durýar.

Paýtagtymyz netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň giň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, dekabr aýynda «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyk görnüşinde 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynyň geçirilendigini nygtamalydyrys. Bu duşuşyk Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň umumy bähbitlere gabat gelýän özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändiklerini görkezdi. «Case New Holland Industrial» kompaniýasy bilen türkmen telekeçileriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilelikdäki işewürlik forumynyň anyk netijeleriniň biri boldy.

Tamamlanyp barýan ýylyň soňky aýynda Aşgabatda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 10-njy sergisi, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň forumy geljegi uly meýilnamalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň beýany boldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygynyň üpjün edilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine saldamly goşant goşýarlar. Diýarymyzda işleýän ilatyň ýarysyndan gowragy ykdysadyýetiň hususy pudagynda zähmet çekýär. Telekeçiler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport edilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiliklerini barha işjeň ýola goýýarlar. Tejribäniň görkezişi ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, oňa maýa goýumlaryň çekilmegi oňyn netijeleri berýär. Şu babatda Diýarymyzda durmuşda ulanylýan tehnikalary — gaz we elektrik plitalaryny, howur peçleri, kiçi tolkunly peçleri, smart-telewizorlary öndürijileriň işleri nusgalykdyr. Şol önümler hili babatda daşary ýurtlardaky ugurdaş harytlardan birjik-de pes bolman, alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Şunuň bilen birlikde, TSTB-niň agzalary häzirki zaman senagat hem-de elektron önümleriniň, töleg terminallarynyň, onlaýn okuw maksatnamalarynyň, “akylly” öý tehnologiýalarynyň önümçiligini üstünlikli özleşdirdiler.

Telekeçiler hyzmat ediş ulgamynyň we söwdanyň ösdürilmegine maýa goýumlary goýýarlar, ilata durmuş, mahabat hem-de neşirýat hyzmatlarynyň giň gerimini hödürleýärler. Olar içerki we daşarky bazarlara ýetirilýän täze önümleri bilen sarp edijileri ýygy-ýygydan begendirýärler. Oba hojalyk ulgamynda miweçilik hem-de üzümçilik hususy öndürijileriň alyp barýan işleriniň esasy ugurlarynyň birine öwrülýär. Bu köp babatda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň döredilmegi netijesinde mümkin bolýar. Ýer bölekleri dürli oba hojalyk önümlerini, şol sanda miweleri we ir-iýmişleri ýetişdirmek üçin bellenilen tertipde bölünip berilýär. Şeýle-de TSTB-niň agzalary tarapyndan oba hojalyk, azyk hem-de senagat kärhanalaryny döretmek boýunça maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda teklipleriň işlenip taýýarlanylandygyny bellemek gerek. Şol sanda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak arkaly gök önümleri, üzümdir miweleri ýetişdirmek, maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, häzirki zaman ýyladyşhanalaryny, azyk önümlerini saklamak üçin sowadyjy ammarlary gurmak ýaly teklipler hödürlenildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary medeni-durmuş maksatly binalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, iri önümçilik desgalaryny gurmaga gatnaşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli ünsi we tagallasy netijesinde, telekeçiler azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga, importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmäge, eksport önümleriniň möçberini artdyrmaga uly goşant goşýarlar. Häzirki döwürde ýaşlarymyz hem ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde uly orny eýeleýär. Olaryň täze telekeçilik başlangyçlaryny durmuşa geçirmekleri üçin giň mümkinçilikler, amatly şertler döredilýär. Diýarymyzda ýaşlar telekeçiligi höweslendirilip, “ýaşlar kärhanalaryna” uly goldaw berilýär.

Bazar gatnaşyklarynyň täze tapgyrynda okgunly ösýän milli ykdysadyýetimiziň hususy düzümine yzygiderli döwlet goldawyny bermek, telekeçiligi innowasion esasda ösdürmäge ukyply, ýokary bilimli we hünär taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň düýbi tutuldy. Bu ýokary okuw mekdebi degişli ugurda sebitiň iri halkara bilim edarasy bolar.

Türkmen telekeçileriniň öňünde täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda kesgitlenen çäreleri, şol sanda iri döwlet buýurmalaryny hem-de maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly täze wezipeler durýar. Şunuň bilen baglylykda, işewürligi ösdürmek, ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna geçirmek we täzeçil önümçilikleri guramak maksady bilen, Türkmenistanda 2018-nji ýylda TSTB-niň teklibi esasynda döredilen ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiligini goldamak baradaky gaznasynyň işini işjeňleşdirmek möhümdir.

Sarp ediş önümleriniň öndürilişini artdyrmak, içerki bazaryň azyk önümleri hem-de beýleki harytlar bilen üpjün edilişini gowulandyrmak boýunça döwletimiz tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Amatly işewürlik ýagdaýyny döretmek arkaly kiçi, orta we iri telekeçiligi goldamak ugrunda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Her welaýatda, etrapda we şäherde döwrebap önümçilikleri, täze iş orunlaryny döretmek, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümleriň eksportyny giňeltmek möhüm talaplaryň hataryndadyr. Türkmen telekeçileri, öz gezeginde, Diýarymyzyň hususy işewürligini halkara derejä çykarmak we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň geljek üçin uly maksatlary bar. Olaryň öňünde netijeli döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň işlenip taýýarlanylan we hemişe kämilleşdirilýän usullary bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kesgitlän möhüm wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek işi durýar. Şol usullar bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagyň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär.