Ï «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: III möwsümiň 4-nji oýnunyň netijeleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: III möwsümiň 4-nji oýnunyň netijeleri

view-icon 5891
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: III möwsümiň 4-nji oýnunyň netijeleri

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýöriteleşdirilen hünär ugruna degişli «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III saýlama tapgyrynyň dördünji bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik bu ýokary okuw mekdebi we onuň düzümindäki Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýär.

Möwsümiň nobatdaky bäsleşigi «XVII-XVIII asyrlarda Osman imperiýasynyň halkara gatnaşyklary we daşary syýasaty» diýen tema bagyşlandy. Taslamanyň III möwsüminiň beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymy – umumadamzat gymmatlyklarynyň şamçyragy» atly umumy şygara bagyşlanandygyny ýatlap geçmek ýerlikli bolar.

Taslamanyň düzgünlerine laýyklykda, bäsleşige Aşgabat şäherindäki hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky orta mekdepleriň 10-11-nji synp okuwçylarynyň sekizisi gatnaşdy. Mekdep okuwçylarynyň çykyşlary janly, owadan we özüne çekiji ýagdaýda geçdi. Gatnaşanlaryň her biri iň oňat görkezijini gazanmaga, bilimini görkezmäge, tapawutlanýandygyny subut etmäge, ýyldyrym çaltlygynda dessine dogry jogap bermäge çalyşdylar. Oýun meýdançasynda bäsdeşlik ruhy aýdyň duýuldy we okuwçylaryň her biri, gürrüňsiz suratda, arzyly ýeňşe ymtylýardy.

Abraýly eminleriň çözgüdi bilen bäsleşige gatnaşanlaryň ikisi – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kürmämmet Nobatow we Aşgabat şäherindäki 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Medine Myratberdiýewa ýeňiji diýlip yglan edildi.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň dördünji oýnunyň eminler toparyna Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň halkara gatnaşyklary we diplomatiýasy kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Garaýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň durmuş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Ahmet Annaberdiýew, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň halkara žurnalistikasy fakultetiniň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baba Saryýew girdiler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlaryň ählisine Hormat hatlary hem-de çäräniň hemaýatkärlerinden gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň hemaýatkärleri bolup TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň ýaýdan ok atmak milli federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, şeýle hem «Abadan haly» AGPJ, «Aýdyň gijeler» HJ, «Täç hil» HJ, «Ýedi dogan» HK, «Muhammet Balkan» HJ, «Düwmejik» HK we «Ak Menzili» HK çykyş etdiler.

Bäsleşigi «Miras» milli teleýaýlymynyň işgärleri hem-de ýurdumyzyň DIM-niň HGI-niň okuw studiýasynyň wekilleri surata düşürdiler we ýazgy etdiler. Türkmen tomaşaçylary üçin bäsleşik ýakyn günlerde görkeziler.