Ï Tehnologiýalar merkezinde himiýa ylmynyň we tehnologiýalarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tehnologiýalar merkezinde himiýa ylmynyň we tehnologiýalarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 5216
Tehnologiýalar merkezinde himiýa ylmynyň we tehnologiýalarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Himiýa ylmynyň we tehnologiýalarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki orny» atly ylmy we amaly maslahat geçirdi. Duşuşygy giriş sözi bilen Tehnologiýalar merkeziniň müdiri, himiýa ylymlarynyň doktory D.Gadamow açdy.

Maslahatda bu çäräni guran täze maddalaryň sintez tehnologiýasy barlaghanasynyň işgärleri esasy çykyş edijiler boldular. Olaryň ýolbaşçysy Jeren Sylabowa çykyşyny himiki tehnologiýalaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekdäki ähmiýetine bagyşlady.

Barlaghananyň ylmy işgärleri Döwlet Gurbannazarow, Gülşat Soltanmyradowa, Enejan Kulyýewa we Ejebaý Artykowa dagy çykyşlarynda bu mowzugyň anyk jähetleri hakda giňişleýin gürrüň etdiler. Olar himiýa senagatyna täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýerli çig malyň ykdysadyýetde tygşytly ulanylmagynyň ähmiýeti, häzirki ýyladyşhanalar üçin täze görnüşli dökünleriň öndürilmegi we ýag önümçiliginiň galyndylaryny gaýtadan işlemek tehnologiýasy ýaly möhüm meselelere garadylar.

Döwlet uniwersitetiniň organiki himiýa bölüminiň mugallymy Ogultuwak Hallyýewanyň maslahatda eden çykyşy ýakymly ysly uglewodorodlardan täze maddalary almak mümkinçiligine bagyşlandy. Uniwersitetiň başga bir wekili, himiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Aýläle Aşyrowa gazy gaýtadan işlemegiň esasy ugurlary barada çykyş etdi.