Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda tapawutlanan ýaşlary gutladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda tapawutlanan ýaşlary gutladylar

view-icon 4428
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda tapawutlanan ýaşlary gutladylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu ýokary okuw mekdebiň aýratyn tapawutlanan talyplarynyň we olaryň mugallymlarynyň hormatyna dabara geçirildi.

Dabara gatnaşýan esasy şahslaryň atlaryna täze ýyl baýramynyň joşgunyna utgaşan gutlaglar ýaňlandy, ynsaply we yhlasly işleri, okuwda gazanan ýokary görkezijileri hem hünär ussatlygy, döwlet we halkara olimpiadalarda, döredijilik bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda gazanan ýeňişleri üçin olara çuňňur minnetdarlyk sözleri aýdyldy. Tapawutlanan ýaşlara we ýokary okuw mekdebiň mugallymlaryna Hormat hatlary, gymmatly hem ýadygärlik sowgatlar we elbetde, Täze ýyl süýjülikleri gowşuryldy.

Institutyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýewiň gutlag çykyşynda belläp geçişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurtda alnyp barylýan giňişleýin çäreleriň netijesinde, türkmen ýaşlarynyň döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar, ol hem öz gezeginde, döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda barha uly orny eýeleýär.

Çärä gatnaşanlar netijeli iş alyp barmak we döredijilikli zähmet çekmek üçin döreden mümkinçilikleri, Türkmenistanyň ýaşlary barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.

Çäräniň dowamynda baýramçylyk konserti berildi. Dünýäniň dürli dillerinde ýerine ýetirilen aýdym-sazly kompozisiýalarda ata Watanymyzyň üstünlikleri we ýeten derejesi, gülläp ösüşi buýsanç bilen wasp edildi.

Täze ýyl bosagasyndaky baýram ýaş nesliň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watanyň ösüşine we abadançylygyna mynasyp goşant goşmak üçin ähli güýç-kuwwatyny gaýgyrmazlyk islegini, üstünlikleri we ýetilen ýokary sepgitleri, ýaşlaryň işiniň netijesini aýdyň görkezdi.