Ï Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy orta mekdep okuwçylary üçin ýörite sapak geçer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy orta mekdep okuwçylary üçin ýörite sapak geçer

view-icon 5977
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy orta mekdep okuwçylary üçin ýörite sapak geçer

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty orta mekdep okuwçylary – institutyň Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalary we «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasyna gatnaşýanlar üçin ýörite sapak berer.

Mekdep okuwçylary üçin sapagy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň taryhy bölüminiň mugallymy Toýly Hommyýew geçer. Bu çäre şu ýylyň 5-nji ýanwarynda 15:00-da Daşary işler ministrliginiň HGI-de bolup geçer. Ýurdumyzyň welaýatlaryndan bolan mekdep okuwçylary bu duşuşyga uzakdan gatnaşyp bilerler. Oňa gatnaşmak üçin salgylanma Daşary işler ministrliginiň HGI-niň saýtynyň bildirişler bölüminde ýerleşdirildi.

Bu sapak hünär saýlamaga gönükdirilen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly taslamanyň III möwsüminiň saýlama tapgyrynyň öňde duran bäşinji oýnunyň mowzugyna – «Gajar döwletiniň XVIII asyr – XIX asyryň birinji çärýegindäki halkara gatnaşyklary we daşary syýasatyna» bagyşlanar. Bu sapagyň geçirilmegi oňa gatnaşjaklary şu ýylyň 17-nji ýanwarynda ýokary diplomatiýa mekdebinde geçiriljek taslamanyň indiki oýnuna taýýarlamaga kömek eder. Sapagyň dowamynda okuwçylar Gajar döwletiniň taryhyndan gyzykly hakykatlar we wakalar bilen tanyşmak arkaly, bu mesele boýunça bilim gorlaryny artdyrarlar.

Taslama gatnaşjaklara bäsleşige taýýarlanmaga guramaçylyk komiteti tarapyndan maslahat berlen mowzuky edebiýat-da kömek eder, onuň giň sanawy institutyň ýokarda görkezilen saýtynda ýerleşdirilendir.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň HGI we onuň Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan 9 – 11-nji synp okuwçylary üçin geçirilýän taslamanyň mazmunynyň türkmen halkynyň taryhynyň dürli döwürlerini öz içine alýandygyny ýatladýarys.

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, 2023-2024-nji okuw ýyly üçin taslamanyň üçünji möwsümi «Umumy adamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty» diýen umumy şygar astynda geçirilýär. Şundan ugur almak bilen, ajaýyp şahyryň durmuşyna we edebi mirasyna bagyşlanan meseleler möwsümiň ähli oýunlaryna girizilipdir.

Bilşimiz ýaly, Magtymgulynyň ýyl dönümi mynasybetli 2024-nji ýyl Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçer.