Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ykdysady diplomatiýa boýunça täze ýylda ilkinji fakultatiw okuw boldy. Ol Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary okuw mekdebiň okuw merkeziniň okuw maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklar kafedrasynyň mugallymy Gyzylgül Gurbanmuhammedowa institutyň talyplary üçin «Ykdysadyýetiň ählumumylaşmagy: mümkinçilikler we meseleler» diýen tema boýunça okuw geçdi.
Fakultatiw okuwyň dowamynda bütindünýä derejesinde birleşmegiň, ýurtlaryň jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda ýüze çykýan ýakynlaşmasynyň ýagdaýy hökmünde ählumumylaşma işi barada giňişleýin gürrüň berildi. Duşuşyga gatnaşyjylaryň arasynda dünýäniň ýurtlarynyň milli ykdysadyýetleriniň barha artýan özara baglanyşyklylygy hem-de halkara gatnaşyklaryny üpjün etmekde ykdysadyýeti ählumumylaşdyrmagyň eýeleýän orny bilelikde ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysady diplomatiýanyň döwletimiziň daşary syýasatynyň we onuň halkara işleriniň möhüm düzüm bölegi bolup durýandygy nygtaldy. Okuw sowal-jogap görnüşinde dowam etdi. Mugallym talyplaryň sowallaryna anyk mysallary getirip, giňişleýin jogap berdi.
Institutyň talyplary – geljekki halkara hünärmenler bilen şunuň ýaly fakultatiw okuwlaryň yzygiderli esasda geçirilýändigini bellemek gerek. Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça okuw merkezi 2018-nji ýylyň 20-nji dekabrynda ýurdumyzyň DIM-niň HGI-niň binýadynda açyldy. Merkeziň esasy wezipesi Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesini, ilkinji nobatda, öňüni alyş diplomatiýasy ulgamyndaky wezipeleri, ykdysadyýet, energetika, ulag we suw serişdeleri meseleleri boýunça netijeli halkara gatnaşyklaryna gönükdirilen başlangyçlary düýpli öwrenmek arkaly hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen okuwlary guramakdan ybaratdyr.
Okuw merkezinde diňleýjiler üçin giň düşündiriş işleri alnyp barylýar, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça geçirilýän halkara işleriň ähmiýetine üns çekilýär. Şonuň bilen birlikde, bu babatda merkez halkara hyzmatdaşlygyny işjeň alyp barýar we giňeldýär. Ýokary okuw mekdebiň mugallymlary bu ýerde okuw we usulyýet gollanmalaryny, ylmy-nazary hem-de amaly häsiýetli makalalary taýýarlamagy iş ýüzünde alyp barýarlar.