Ï Türkmenistanda aspirantura, doktorantura we ordinatura dalaşgärleri kabul etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda aspirantura, doktorantura we ordinatura dalaşgärleri kabul etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 5769

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji ýanwarda geçirilen mejlisiniň çäklerinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleriniň hatarynda dalaşgärleri aspirantura, doktorantura we ordinatura kabul etmegiň, şeýle hem 2024-nji ýylda alymlyk derejelerini almagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesowyň hasabat berşi ýaly, dalaşgärlerden gelip gowşan teklipleriň esasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda ylmy-barlag institutlaryna we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine aspirantura we doktorantura, şeýle hem kliniki ordinatura hem-de alymlyk derejelerini almaga kabul ediljek dalaşgärleriň möçberine degişli taslama taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegine ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtap, şu ýyl aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura mynasyp dalaşgärleriň kabul edilmegini guramaçylykly geçirmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, intellektual taýdan ösmek hem-de ýaşlaryň ylmy, döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaklary üçin amatly şertleri döretmek, ýaş zehinleri hemmetaraplaýyn goldamak döwletimizde ileri tutulýan wezipeleriň biridir.

Bu ugurda ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar, milli bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär we netijeli hereket edýär, onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, Watanymyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak maksady bilen, anyk çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.