Ï Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işleriň bäsleşigi yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işleriň bäsleşigi yglan edildi

view-icon 7193
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işleriň bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň geçirilýändigini yglan etdiler.

Bäsleşige gatnaşmaga 35 ýaşa çenli bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzasy bolup durýan ýaşlar çagyrylýar. Olaryň hatarynda TYA-nyň, YBI-niň, TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň işgärleri, ýokary okuw mekdeplerinde, magistraturalarda, aspiranturalarda we doktoranturalarda, orta we ýörite orta okuw mekdeplerinde okaýan ýaşlar, şeýle hem ylmy işlere işjeň gyzyklanma bildirýän dürli hünärlerde zähmet çekýän türkmenistanlylar bolup biler. 

Ylmy işler bäsleşige şu ugurlar: nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalar, täze materiallar we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat we kommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalary we derman önümçiligi, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary boýunça kabul edilýär.

Bäsleşik üç tapgyrda geçiriler. Gözden geçirilişiň netijeleri, däp boýunça, ýurdumyzda 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar gününde jemleniler. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler çäräniň guramaçylyk toparyna şu ýylyň 15-nji fewralyna çenli öz ylmy işlerini hödürlemelidirler.

Bäsleşigiň geçirilişi, ylmy işleri bellige almagyň düzgünleri, gatnaşmak üçin haýyşnamalary we resminamalary bermek baradaky giňişleýin maglumatlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň resmi saýtynda bäsleşikler bölüminde ýerleşdirildi. Şeýle hem goşmaça maglumatlary 44-88-55 telefon belgisine jaň edip alyp bolar.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň geçirilmegi 2015-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredildi we zehinli ýaşlaryň ylmy işläp taýýarlamalaryny milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrmagy üpjün etmek, ylymda halypaçylyk ýörelgelerini öňe ilerletmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly netijeleri gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan her ýyl geçirilýär. 

Ylmy işleriň döwlet derejesinde saýlanylmagy Watanymyzyň ylmyny ösdürmäge, alymlaryň täze neslini kemala getirmäge, ýaşlaryň örän möhüm hem-de has uly isleg bildirilýän ugurlardaky ylmy-barlag işlerini höweslendirmäge ýardam edýär.