Şu ýylyň 17-nji ýanwarynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndan öňdebaryjy hünärmenleri söhbetdeşlige çagyrmak däbine görä talyplaryň iki ýüzden gowragy «Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasynyň bäşinji kärhanasynyň tejribeli uçarmanlarynyň biri Çaran Dädebaýew bilen söhbetdeş boldular. Duşuşyk ýokary okuw mekdebiniň mejlisler zalynda geçirildi.
Bu täze ýylda kärine ökde hünärmenler bilen şeýle söhbetdeşligiň ilkinjisi däldir. Şu duşuşygyň öň ýanynda geljekki halkara ykdysatçylaryň alym-ykdysatçy T.Üwdiýew bilen söhbetdeşligi uly gyzyklanma döretdi. Indi bolsa baý tejribe toplan güýçli türkmen uçarmanlarynyň biri Ç.Dädebaýew talyplaryň myhmany boldy.
Uçarmanyň talyplar bilen duşuşygy «Türkmenhowaýollarynyň» golaýda täze halkara howa ýollaryny açmagy we öňki ugurlary dikeltmegi, awiakompaniýanyň oňaýly häzirki aman «Boingleri» almagy netijesinde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Talyplar diňe bir awiakompaniýanyň uçarlar düzüminiň işiniň aýratynlyklary bilen gyzyklanyp oňmadylar. Ç.Dädebaýewiň özi we awiasiýadaky ýoly barada gysgaça çykyşyndan soň, oňa yzly-yzyna sowal berdiler. Talyplar sebitiň ulag we logistika meselelerinden başlap, uçar kapitanyna mahsus ukyplara çenli köp zatlar bilen gyzyklandylar.
Tejribeli uçarman talyplaryň beren sowallarynyň hiç birini jogapsyz goýmady. Söhbetdeşlikden soňam Ç.Dädebaýewiň töweregine ýygnanan talyplar oňa özüni gyzyklandyrýan sowallary berdiler. Bu çäre institutyň Strategiki barlaglar ylmy merkeziniň ýakyndan ýardam bermeginde guraldy.