Ï Aşgabatda isleg bildirýänleriň ählisi üçin koreý dili boýunça synag geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda isleg bildirýänleriň ählisi üçin koreý dili boýunça synag geçiriler

view-icon 5986
Aşgabatda isleg bildirýänleriň ählisi üçin koreý dili boýunça synag geçiriler

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2024-nji ýyl üçin koreý dilini özleşdiriş dereje TOPIK (Test of Proficiency in Korean) boýunça 93-nji synaga gatnaşmaga dalaşgärleriň kabul edilýändigini yglan etdi.

Koreý dilini, Koreýanyň taryhyny we medeniýetini öwrenmäge gyzyklanma bildirýänleriň, şeýle hem dil bilimleriniň üsti bilen öz geljegini we mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýänleriň ählisi synaga gatnaşmaga çagyrylýar.

Synagdan geçmäge gyzyklanma bildirýänleriň hemmesiniň synaga gatnaşmaga degişli haýyşnamany bermek arkaly bellige alynmagy zerurdyr. Haýyşnamalaryň kabul edilmegi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iş günlerinde şu ýylyň 26-njy ýanwaryndan 6-njy fewraly aralygynda 9:00-dan 15:00-a çenli amala aşyrylar.

Synaglar Aşgabat şäheriniň 2060-njy köçesiniň 47-nji jaýy salgysynda ýerleşýän D.Azady adyndaky TMDDI-de şu ýylyň 14-nji aprelinde geçiriler.

Goşmaça maglumatlar Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň saýtynda, şeýle hem +993 65 64 19 38 telefon belgisi boýunça D.Azady adyndaky TMDDI-niň koreý dili fakultetinde elýeterlidir.

TOPIK – koreý dilinde gürlemeýän adamlaryň bu dile erk edişiniň derejesini kesgitlemek hem-de olara şahadatnamalary bermek üçin halkara synagydyr. Synagdan geçmek geljekde Koreýa okuwa gitmegi maksat edinýänler üçin aýratyn zerurdyr, çünki şahadatnamanyň bolmagy Koreýanyň ýokary okuw mekdepleriniň dalaşgärlerine we talyplaryna goşmaça mümkinçilikleri berýär. Şeýle hem şahadatnamanyň bolmagy koreý dilini bilmek talap edilýän kompaniýada işe ýerleşmekde möhüm orun eýeleýär.

TOPIK synagy bir ýylda iki-üç gezek geçirilýär we häzirki wagtda dünýäniň 30-dan gowrak ýurtlarynda ýaýrandyr.

Koreý dilini öwrenmegiň biziň ýurdumyzda barha meşhurlyga öwrülýändigini bellemek gerek. D.Azady adyndaky TMDDI-de koreý dili babatda hünärmenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýan Türkmenistanyň ýokary dil mekdebinde patyşa Sejon adyndaky Koreý bilim merkezi hem hereket edýär. Merkez 2019-njy ýylda ýokary okuw mekdebiň binýadynda döredildi we şu ýyl öz açylan gününiň 5 ýyllyk şanly senesini bellär. Lingiwistik taýýarlygyň goşmaça serişdesi hökmünde ol ýaşyna hem-de bilim derejesine garamazdan, koreý dilini öwrenmek isleýän adamlaryň ählisi üçin işleýär.