Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň arasynda ekologiýa temasyna degişli bäsleşikler geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň arasynda ekologiýa temasyna degişli bäsleşikler geçiriler

view-icon 5964

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda ekologiýa temasyna degişli bäsleşikler yglan edildi.

Bäsleşikler ýaşlaryň BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (COP-28) gatnaşyjylaryň 28-nji maslahatynyň eýeleýän ornuna we ähmiýetine düşünjelerini giňeltmek maksady bilen geçirilýär. Mundan başga-da, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, onuň durmuş-ykdysady ösüşine, ekologiýa durnuklylygyna we bioköpdürlüligine täsiri bilen baglanyşykly ählumumy wezipeleriň çözülmegi ugrunda ýaşlaryň işjeňligini artdyrmak we gatnaşygy babatdaky ählumumy hyzmatdaşlyk meselelerine ýaşlaryň ünsüni çekmek esasy maksatlarynyň hatarynda durýar.

«YOUNG SUPPORT TO ONE WORLD» diýen at bilen 20-nji fewralda ýokary diplomatiýa mekdebinde surat bäsleşigi geçiriler. Ol Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça okuw merkezi hem-de ýokary okuw mekdebiniň ýaş alymlar geňeşi tarapyndan guralýar.

Bäsleşige ýokary okuw mekdebiniň her fakultetinden 4 talypdan ybarat bolan toparlar gatnaşar. Bäsleşige gatnaşyjylar 30 minudyň dowamynda degişli temalar boýunça suratlary taýýarlamaly we öz işlerine türkmen ýa-da iňlis dillerinde şygar oýlap tapmaly bolarlar. Soňra her topardan bir talyp eminleriň garamagyna döreden suratlarynyň mazmunyna hem-de onuň ähmiýetine bagyşlanan 5 minutlyk tanyşdyrylyşy hödürlemeli bolar.

 «Ekologiýa barada 500 söz» diýlip at berilen referatlaryň bäsleşigi BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýa gatnaşyjy taraplaryň 28-nji duşuşygynyň netijelerine bagyşlanar. Bäsleşik Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça okuw merkezi hem-de institutyň «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagy tarapyndan ähli hünärleriň we fakultetleriň talyplarynyň arasynda geçirilýär.

Bäsleşige gatnaşyjylara 500 sözden köp bolmadyk möçberde degişli tema boýunça referat ýazmak hem-de taýýarlanylan işi 28-nji fewrala çenli kabul ediş toparyna tabşyrmak teklip edilýär. Işler türkmen, rus we iňlis dillerinde kabul edilýär.

Bäsleşigiň netijeleri 11-nji martda jemlener. Bäsleşigiň ýeňijisiniň işi Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň saýtyna ýerleşdiriler.

Bäsleşikleriň eminleriniň düzümine ýokary okuw mekdebiň her fakultetinden bir mugallym girer. Bäsleşikleriň ýeňijileri we baýrak eýeleri emin agzalaryň ses bermegi bilen kesgitleniler. Baş baýragyň, I, II we III orunlaryň eýelerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.