Merkezi Aziýanyň we Kawkazyň ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaş hukukçylary we talyplary «Hukugyň ileri tutulmagy» atly ýaşlary alyşmagyň «MIRAI» maksatnamasynyň çäklerinde Tokioda bir hepdelik okuw kämilleşdirişini geçdiler. Ol Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Merkezi (JICE) tarapyndan guraldy.
Maksatnama gatnaşýan ýaşlaryň 24-siniň hataryna biziň ýurdumyzdan talyplaryň üçüsi girdi. Olar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara jemagat hukugy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Nowruz Nurberdiýew we halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty hünäriniň 3-nji ýyl talyby Dursunjemal Ýylkybaýewa, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby Serdar Rahymow.
«MIRAI» taslamasy ýaşlary alyşmagyň gysga möhletli maksatnamasy bolup, halkara hyzmatdaşlygyna, Merkezi Aziýa we Kawkazyň ýaş hünärmenleriniň hem-de talyplarynyň arasynda medeni taýdan baýlaşmaga we özara düşünişmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Maksatnama bilim ugurlaryny, medeni taýdan tejribäni we gatnaşyklary ýola goýmak üçin mümkinçilikleri özünde jemleýär. Oňa gatnaşyjylar umumy sapaklarda, okuw maslahatlarynda bolup, kabul edýän ýurduň hukuk ulgamy, medeniýeti we taryhy barada düşünje alýarlar.
Şu ýylyň ýanwar aýynda taslama gatnaşyjylar üçin döwlet we hususy hukuk edaralaryna, bilim maksatly umumy sapaklara barylmagyny hem-de medeni tejribäni goşmak bilen köp sanly çäreleri bolan baý maksatnama taýýarlanyldy.
Ilkinji gün olar üçin Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan maksatnamalaýyn umumy sapak geçdiler. Soňra oňa gatnaşyjylar Keio uniwersitetiniň hukuk fakulteti, Nişimura we Asahi hukuk firmasy, Ýaponiýanyň Ýokary kazyýeti, ýurduň Ýustisiýa ministrliginiň halkara adalat merkezi, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Jenaýatçylygy öňünden duýdurmak we düzgün bozujylara çemeleşmek (UNAFEI) boýunça Aziýa-Uzak Gündogar instituty tarapyndan geçirilen okuw maslahatlaryna we ussatlyk sapaklaryna bardylar.
Medeni maksatnama hem baý boldy. Ol ýaşlara Ýaponiýanyň baý taryhyna, medeniýetine we däp-dessurlaryna aralaşmaga mümkinçilik berdi. Olar ýurduň meşhur gözel ýerleri – Tokio diňi, gadymy «Asakusa» şäheri we Senso-ji ybadathanasy bilen tanyşdylar. Munuň özi Ýaponiýanyň ruhy tarapyny duýmaga mümkinçilik berdi, ajaýyp ýapon bag-bakjalarynda gezelenç etmek bolsa halkyň tebigat bilen ysnyşykly arabaglanyşygyny görkezdi. Syýahat etmek Ýaponiýanyň aşhana ussatlygy bilen tanyşmagy hem-de iň oňat milli tagamlardan dadyp görmegi özünde jemledi. Çaý içmek dabarasy ajaýyp wakalaryň birine öwrüldi. Onuň dowamynda oňa gatnaşyjylar «Matça» çaýyny taýýarlamak we onuň lezzetini duýmak sungaty barada öwrendiler.
Fuji dagyna, esasan-da, ondan uzakda bolmadyk ýerde ýerleşýän ajaýyp kölleri bolan Oşino Hakkaý obasyna barylyp görülmegi ýatda galyjy pursada öwrüldi. Fuji dagynyň ajaýyp görnüşi Ýaponiýanyň nyşany bolup, ýatdan çykmajak duýgulary bagyş etmek bilen kalbyňy gurşap alýar, Bütindünýä mirasynyň merkezi bolsa bu belent dagyň medeni we tebigy ähmiýetine çuňňur düşünmäge mümkinçilik berdi.
Okuw geçmegiň we medeni taýdan dynç almagyň şeýle utgaşmasy maksatnama gatnaşyjylara güýçli täsir edip, gaýtalanmajak öwüşgini, asyrlardan gelýän däp-dessurlary hem-de täsin özboluşly medeniýeti bolan ýurt barada iň oňat ýatlamalary galdyrdy.
Jemleýji günde türkmen talyplary Daşary işler ministrligindäki hasabat mejlisine gatnaşyp, toparlaryň öňünde goýlan ýumuşlara esaslanan netijelerini beýan etdiler. Hasabatlar «Hukugyň ileri tutulmagy» atly «MIRAI» maksatnamasynyň çäklerinde alnan bilimlere bagyşlandy. Şeýle hem oňa gatnaşyjylar gymmatly tejribäni we bilimleri has giň köpçülik bilen paýlaşmak maksady bilen hereketleriň meýilnamasyny öňe ilerletmek boýunça maksatnamanyň strategiýasyny beýan etdiler. Bilim we medeni tejribäniň baýlaşmagyndan başga-da, «MIRAI» maksatnamasy, şeýle hem dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we oňa gatnaşyjylaryň arasynda täze mümkinçilikleriň döredilmegine ýardam etdi.