Aşgabatda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen at bilen brifing boldy. Ol Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Dünýä dilleri» atly ÝUNESKO klubunyň bilelikde guramagynda geçirildi.
Onlaýn görnüşde geçirilen brifing Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda hereket edýän ÝUNESKO klublarynyň wekillerini jemledi. Hususan-da, oňa Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Parahatçylygyň medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň wajyp konsepsiýasy» atly ÝUNESKO klubunyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» diýen ÝUNESKO klubunyň hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň «Dermanlyk ösümlikler – biziň saglygymyz, mirasymyz» atly ÝUNESKO klubunyň ýolbaşçylary we işjeňleri gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň çykyşyny uly üns bilen diňlediler.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň dünýä derejesindäki şöhratyny has-da artdyrmaga, şahyryň edebi mirasyny ebedileşdirmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen giň gerimli işler geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden baýram etmäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Çykyşlarda bu ugurda ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji sessiýasynyň umumy mejlisiniň çäklerinde 2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda kabul edilen Kararnama laýyklykda, ÝUNESKO agza döwletler bilen bilelikde birnäçe çäreleriň geçiriljekdigi bellenildi. Resminama laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýram edilmegi şanly seneleriň sanawyna girizildi hem-de 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde belleniler.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalary netijesinde ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşarda şahyryň şahsyýetini wagyz etmek, onuň adyny şöhratlandyrmak, türkmen nusgawy şahyrynyň bahasyz mirasyny gorap saklamak, hemmetaraplaýyn öwrenmek we ýaýratmak babatda giň gerimli işleriň geçirilýändigi aýratyn nygtaldy.
Özboluşly taryhy mirasy öwrenmek we gorap saklamak ulgamynda ÝUNESKO bilen bilelikde baý tejribe toplandy. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 24-nji maýynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi täze resmi ýygyndylary sanawa girizmek barada biragyzdan çözgüt kabul etdi. Resmi toplumlaryň 64-si ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» halkara sanawyna girizildi. Sanawa Türkmenistan tarapyndan hödürlenilen Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň ýygyndysy goşuldy. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlar toplumy XVIII-XIX asyrlarda Türkmenistanyň çäklerinde ýaýran eserleriniň saklanylyp galan golýazmalaryny özünde jemleýär.
Çärä gatnaşyjylaryň birnäçe gezek belleýişleri ýaly, 2024-nji ýyl Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Bu bolsa şahyryň döredijilik şahsyýetiniň, onuň parahatçylyk, agzybirlik, jebislik, halklaryň dostlugy baradaky wagyz ediş we ynsanperwer maksatlarynyň, dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna giren zehinli döredijiniň baý edebi mirasynyň gerimini ýüze çykarýar.