Ï Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty mekdep okuwçylaryny iňlis dili boýunça geçiriljek II olimpiada çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty mekdep okuwçylaryny iňlis dili boýunça geçiriljek II olimpiada çagyrýar

view-icon 9782
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty mekdep okuwçylaryny iňlis dili boýunça geçiriljek II olimpiada çagyrýar

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýokary synp okuwçylaryny iňlis dili boýunça geçiriljek II olimpiada çagyrýar. Ol Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda ýokary okuw mekdebi tarapyndan guralýar.

Ders bäsleşigi Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýär. Oňa isleg bildirýän okuwçylaryň ählisi çagyrylýar, gatnaşmaga dalaşgärlik etjekleriň möçberi çäksizdir.

Gatnaşjaklary hasaba almak 24-nji fewrala çenli açykdyr. Olimpiadaçy toparlaryň mekdep ýolbaşçylarynyň haýyşnama bilen ýüz tutmaklary üçin çäräniň guramaçylyk toparyna okuwçylar baradaky maglumatlar beýan edilen gatnaşyjylaryň sanawyny patrioticyouthtniwl@gmail.com. elektron salgysy boýunça ibermegi gerek. Haýyşnamany doldurmagyň nusgasy D.Azady adyndaky TMDDI-niň datmddi.edu.tm resmi saýtynda ýerleşdirilendir.

Bäsleşik iki tapgyrda geçiriler. Birinji tapgyrda oňa gatnaşyjylara iňlis dilinde düzme ýazmaga 3 sagat wagt berler. Birinji tapgyr 26-njy fewralda onlaýn görnüşde institutyň saýtynda düzmäniň temasy yglan edilen wagty, ýagny 14:00-da geçiriler. Tapgyryň netijeleri hem-de ikinji tapgyra geçen gatnaşyjylaryň sanawy 20-nji martda guramaçy ýokary okuw mekdebiň saýtynda ýerleşdiriler.

Ikinji tapgyr 30-njy martda sagat 10:00-da D.Azady adyndaky TMDDI-de test görnüşinde geçiriler. Test 10 ýumuşdan ybarat bolup, onuň ýerine ýetirilmegine 90 minut wagt berler.

Ýeňijiler degişli derejelerdäki diplomlar bilen sylaglanarlar, iňlis dili boýunça iň oňat ukyply okuwçylary taýýarlan mugallymlara bolsa Hormat hatlary gowşurylar.

Olimpiada baradaky giňişleýin maglumatlar institutyň ýokarda görkezilen saýtynda täzelikler bölüminde ýerleşdirildi.

Ders bäsleşiginiň geçirilmegi mekdep okuwçylarynyň nazary we amaly bilimlerini berkitmäge we kämilleşdirmäge, okuwçylaryň iňlis dilini öwrenmäge bolan höweslerini artdyrmaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, mekdep okuwçylarynyň derse taýýarlygynyň hilini gözden geçirmek, aragatnaşyk etmegi, ýazuw, sözleýiş başarnyklaryny ösdürmek, ýaşlaryň daşary ýurt diline erkin erk edýän has ukyply we zehinli wekillerini ýüze çykarmak ders bäsleşiginiň maksatlarynyň hatarynda durýar. 

Şeýle hem çäre ýurtda sanly bilim ulgamyny ösdürmek konsepsiýasynyň hem-de Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasynyň meýilnamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.