Türkmenistanda milli bilim ulgamyna bilimiň hiline baha bermegiň halkara tejribesine esaslanýan häzirki zaman modellerini ornaşdyrmak maksady bilen, Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy baradaky düzgünnama tassyklandy.
Ol Türkmenistanyň "Bilim baradaky" Kanunyna laýyklykda işlenip düzüldi. Bu Kanunda bilim ulgamyny halkara ülňülere we tejribä laýyklykda dolandyrmagy öz içine almaklyk bilim pudagynda döwlet syýasatynyň ýörelgelerinden biri hökmünde umumy kabul edilendir. Döwlet akkreditasiýasy bilim pudagyny kadalaşdyryjy işleriň bir görnüşi bolmak bilen, bilim pudagynda ygtyýarnama bermegi, döwlet akkreditasiýasyny we bilim edaralarynyň işine döwlet gözegçiligini özünde jemleýär.
Türkmenistanda bilimiň ähli derejeleri üçin döwlet bilim standartlary işlenip düzüldi. Olar eýeçilik görnüşine we bilim almagyň beýleki görnüşlerine bagly bolmazdan, bilim edaralarynyň ähli kysymlary we görnüşleri üçin hökmanydyr. Döwlet bilim standartlary bilim almagyň görnüşine garamazdan, uçurymlaryň okadylyşyna we hünär derejesine obýektiw baha bermek üçin esas bolup durýar. Bilim pudagy boýunça dünýä nazaryýetine we öňdebaryjy innowasion üstünliklere esaslanmak bilen, olar Türkmenistanyň bilim giňişliginiň bitewüligini; umumy bilim we hünäri bilim maksatnamalarynyň dowamlylygy; Türkmenistanyň bilim ulgamynyň ÝUNESKO-nyň halkara standart bilim synplaşdyrmasynyň ýörelgelerine laýyklygy; bilimiň hiliniň ýokary derejesine ýetmegi; bilim baradaky resminamalarynyň Türkmenistanyň halkara zähmet bazaryna päsgelçiliksiz gatnaşmagy üçin ykrar edilmegini; okuw jaýlarynyň işine obýektiw baha berilmegini üpjün edýärler.
Akkreditasiýa edýän edara tarapyndan bilim edarasynyň işiniň häzirki döwlet ülňülerine laýyk gelýändigini tassyklanmagy bolsa döwlet akkreditasiýasy baradaky şahadatnamany bermek üçin esas bolup durýar.