Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda

view-icon 4654

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly bu pudagyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigini, «Türkmenpagta» döwlet konsernini hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigini döretmeli.

2. «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigini, «Türkmenpagta» döwlet konsernini hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigini degişli pudaklar boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi, degişlilikde, öz Düzgünnamalarynyň, merkezi edaralarynyň gurluşlarynyň taslamalaryny, merkezi edaralarynyň işgär sany baradaky hem-de şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek hakyndaky teklipleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy fewraly.