Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Himiýa ylmy: innowasiýa üstünlikleri, möhüm meseleler we halkara gatnaşyklar» mowzugynda ylmy maslahat geçirildi.
Bu çärä Himiýa institutynyň alymlaryndan başga-da Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdy.
Himiýa institutynyň müdiri, himiýa ylymlarynyň kandidaty Hallymyrat Ataýew özüniň giriş sözünde milli ykdysadyýetiň dürli pudagyna innowasiýa ösüşlerini hem ösen tehnologiýalary, ylmy üstünlikleri girizmegiň möhümdigini nygtamak bilen, häzirki zaman ylmynyň ýurduň ösüşindäki ornuny gysgaça suratlandyrdy. Ol, şeýle hem ylmy işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça göwrümli işde dürli agtaryş gurluşlaryň tagallalaryny utgaşdyrmagyň we türkmen alymlarynyň halkara gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan giňişleýin işlerde möhüm orny eýeleýändigini aýtdy.
Maslahatda çykyş eden alymlar we hünärmenler gerimi çäkli amaly işleriň netijeleri we has giň ylmy gözlegler bilen baglanyşykly köp meseläni gozgap geçdiler. Himiýa institutynyň itburun miwesinden flawonid almagyň kämilleşdirilen usulyny görkezen işgäri Leýla Taganowanyň we «Ýerli çig maldan kaliý sulfatyny almagyň ylmy esaslary» mowzugynda çykyş eden Jumageldi Hudaýberenowyň çykyşlaryny birinji topara degişli etmek bolar.
Himiýa institutynyň ylmy işgäri Ogulnur Jumaýewanyň dürli ylmy hyzmatdaşlygyň görnüşleriniň täsiri we Daýanç Arazowyň Türkmenistanda sanly ulgamyň işjeň ösmeginde öňdebaryjy halkara tejribäniň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň orny atly çykyşlary has giň nukdaýnazardan ýaňlandy.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň wekilleri maslahata gatnaşanlary özleriniň ylmy agtaryşlarynyň netijeleri bilen tanyşdyrdylar. Olaryň çykyşlarynda dürli önümleri we himiki serişdeleri almak, toprak derňewi we miweli baglary ösdürip ýetişdirmek üçin ekologiýa taýdan möhüm organik dökünleri almak üçin ýerli çig mal we innowasiýa tehnologiýalaryny ulanmak mowzuklary beýan edildi.