Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaý we Abu-Dabi şäherlerinde gulluk iş saparynda bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaý we Abu-Dabi şäherlerinde gulluk iş saparynda bolar

view-icon 5100

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan Arkadag şäheri “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan, ýaşamak üçin iň döwrebap amatlyklar döredilen sebitde deňi-taýy bolmadyk şäherdir. Arkadag şäherini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, hususan-da, emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, bilim, şäherleşme, saglygy goraýyş ulgamlarynda täzeçil çemeleşmeleri bu şähere ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 11 — 14-nji fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý we Abu-Dabi şäherlerinde gulluk iş saparynda bolar.