Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematiki modelirleme boýunça ders bäsleşigi geçirildi.
Talyplaryň bäsleşigi ýurdumyzda her ýyl 18-nji fewralda bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlandy.
Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň halkara ykdysady gatnaşyklar fakultetiniň halkara ykdysady gatnaşyklar kafedrasy çäräniň guramaçysy bolup çykyş etdi.
Ders bäsleşiginiň netijeleri boýunça oňa gatnaşanlaryň 30-sy orunlara eýe boldular. 7 sany birinji orny Muhammet Amandurdyýew we Ýupar Egirjäýewa (Türkmenistanyň DIM-niň HGI-si), Bähbitgeldi Gurtlyýew (Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby instituty), Ýalkapberdi Baýlyýew, Şöhrat Baýramow (Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty), Ramazan Nurýagdyýew (Türkmen oba hojalyk instituty) hem-de Tagandurdy Meredow (Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty) dagy eýeledi.
Ikinji orunlaryň 11-si we üçünji orunlaryň 12-si ýokarda agzalan ýokary okuw mekdepleriň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryna berildi.
Ders bäsleşiginiň ýeňijileri we baýrak eýeleri degişli derejeli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanarlar. Olaryň talyplary bäsleşige taýýarlamaga gatnaşan ylmy ýolbaşçylaryna hormat hatlary gowşurylar. Sylaglanyş dabarasy ýokary okuw mekdebinde Türkmenistanyň diplomatik işgärleri gününiň öňýanynda geçiriler.
Bäsleşigiň iki tapgyrda geçirilendigini belläp geçmek gerek. Birinji tapgyr test görnüşinde bolup, 50 sowaly özünde jemledi. Ikinji tapgyrda bäsleşige gatnaşyjylara ykdysady-matematik meseleleriň 6-sy berlip, olary çözmäge 4 sagat wagt berildi.
Bäsleşigiň öňdebaryjylaryny emin agzalary iki tapgyrda gazanan utuklarynyň jemi boýunça kesgitlediler. Eminleriň toparynyň düzümine ders bäsleşigine gatnaşan ýokary okuw mekdebiň her birinden bir mugallym, şeýle hem ylmy edaralaryň, kärhanalaryň, önümçilikleriň wekilleri, degişli hünärleriň bilermenleri girdiler.
Matematiki modelirleme boýunça ders bäsleşigine dürli ýokary okuw mekdepleriň, şol sanda degişli bolmadyk, taýýarlygyň dürli hünärleriň we ugurlaryň talyplarynyň gatnaşandygy hem-de üstünlikli çykyş edendigi bellärliklidir. Munuň özi ýaşlaryň hemme taraplaýyn intellektual, döredijilikli ösmegi, ýokary hünär derejeli işgärleriň täze neslini terbiýelemek üçin zerur şertler we giň mümkinçilikler döredilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň ýokary derejededigini görkezýär.
Şunuň bilen bir hatarda, talyplaryň özleriniň bilimlere, dürli ylymlary öwrenmäge, özlerini ösdürmäge hem-de özbaşdak kämilleşmäge, hünär taýdan üstünlikli kemala gelmäge ymtylýandyklary möhüm orun eýeleýär.
Talyplaryň bäsleşigi matematiki modelirlemegi, milli ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüş şertlerinde, onuň sanly ulgama geçiş döwründe ýaşlaryň arasynda ykdysady-matematiki usullary we nusgalary öwrenmegiň wajypdygyna hem-de zerurdygyna düşünilmegini berkitmek maksady bilen geçirildi.
Çäre ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmekden, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de önümçiligi dolandyrmagyň usullaryny ornaşdyrmakdan, şeýle hem degişli ulgamlarda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary berkitmekden ugur alýan okuw, ylym we bilim işlerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Ders bäsleşigi «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny», «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda 2021–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek baradaky meýilnamalara laýyklykda guraldy.