Ï Türkmen talyby GDA-nyň halkara ylmy-amaly bäsleşiginde şowly çykyş etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyby GDA-nyň halkara ylmy-amaly bäsleşiginde şowly çykyş etdi

view-icon 3838
Türkmen talyby GDA-nyň halkara ylmy-amaly bäsleşiginde şowly çykyş etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby Kerim Serdarow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halkara ylmy-amaly geňeşiniň guran ylmy bäsleşigine gatnaşdy.

Türkmen talybynyň işini geňeş agzalary biragyzdan makulladylar. Bäsleşik «Işjeň gözlegçi: häzirki zaman bilim ulgamy, häzirki zaman üznüksiz biliminiň hilini ýokarlandyrmak» halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde geçirildi.

Türkmen talyby «Işjeň gözlegçi» ýadygärlik nyşanyna, şeýle hem ýörite şahadatnama we hoşallyk hatyna mynasyp boldy.