Ï Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady – ýaş nesliň üstünlikli ösmeginiň girewi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady – ýaş nesliň üstünlikli ösmeginiň girewi

view-icon 4663
Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady – ýaş nesliň üstünlikli ösmeginiň girewi

Döwletiň ösmegi bilen onuň kanunçylyk binýady hem kämilleşýär. Bu babatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ulgamynyň işgärleri bilen birlikde hukukçy hünärmenleri birnäçe işleri amala aşyrýarlar.

Geçen ýyl we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçýän şu ýylyň başynda bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy namalaryň, teklipleriň we kanunçylyk başlangyçlarynyň ençemesine garalýar hem-de kabul etmäge taýýarlanylýar. Hereket edýän kanunlar bolsa toplumlaýyn we yzygiderliligi bilen tapawutlanýar. Olaryň ählisi raýatlaryň bilim almaga konstitusion hukugyny üpjün etmek we goramak, bilim ulgamynyň üznüksiz işlemegi we ösmegi üçin kanuny kepilleri döretmek ýaly esasy wezipeleri ýerine ýetirýär.

Bilim ulgamy 2021-nji ýylyň iýun aýynda güýje giren "Bilim hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Onuň talaplaryna laýyklykda häzirki wagtda bilim ulgamyna sanly iş we okuw usullary işjeň ornaşdyrylýar. Ylym we bilim üstünlikleriň hem-de ösüşiň esasydyr.

Häzirki wagtda gurulýan mekdepleriň multimediýa bilen enjamlaşdyrylmagy sanly bilimiň bilim ulgamyna barha çuňňur ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Ynsan işiniň sypaty we tehnologiki mazmuny döredijilik, ussatlyk we bitewülik ýaly esasy komponentleri jemlemek arkaly ösdürilýär. Akyl we beden zähmetiniň arasyndaky baglanyşyk güýçlenýär. Geljekde önümçilige häzirki zaman elektron-hasaplaýyş tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy işgärleriň umumy we ýörite biliminiň hem-de medeniýetiniň ösüşi bilen utgaşar.

Sanly bilimlere esaslanýan bilim edaralarynda kurslaryň guralmagy bilimiň üznüksizligine we ýaşlaryň hünär taýýarlygynyň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär.

Häzirki wagtda ýaş nesle okamak we işlemek üçin ajaýyp mümkinçilikler açylýar. Kabul edilýän täze kanunçylyk we hukuk namalary olaryň hemmesiniň üstünlikli bolmagyna ýardam eder.