Ï Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýokary synp okuwçylary üçin ders bäsleşikleriniň tapgyryny geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýokary synp okuwçylary üçin ders bäsleşikleriniň tapgyryny geçirer

view-icon 27251
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýokary synp okuwçylary üçin ders bäsleşikleriniň tapgyryny geçirer

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylary üçin internet boýunça ders bäsleşikleriniň tapgyryny geçirer.

Ýokary okuw mekdebi matematika, fizika, himiýa we biologiýa boýunça ders bäsleşiklerini guraýar hem-de okuwda oňat netijeleri we bu dersler boýunça üstünliklerini görkezýän okuwçylary gatnaşmaga çagyrýar.

Dört olimpiadanyň her biri iki tapgyrda geçiriler. Olimpiadalaryň ilkinji saýlama tapgyry 2-nji aprelde bolar. Onuň netijeleri boýunça has köp utuk toplan okuwçylar ikinji, jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Matematika we fizika dersleri boýunça jemleýji tapgyry 11-nji aprelde, himiýa we biologiýa dersleri boýunça jemleýji tapgyry 12-nji aprelde geçirmek meýilleşdirildi.

Bäsleşikleriň ýeňijileri we baýrak eýeleri degişli derejelerdäki diplomlar bilen sylaglanarlar.

Ders bäsleşiklerine gatnaşmak isleýän okuwçy we jogapkär mugallym baradaky maglumatlar görkezilen beýanaty gatnaşmak üçin haýyşnamada doldurmalydyr hem-de 25-nji marta çenli iolymp-tspi@yandex.ru elektron salgy boýunça guramaçylyk toparyna ugratmalydyr.

Haýyşnamanyň nusgasy we ders bäsleşikleri baradaky giňişleýin maglumatlar institutyň resmi saýtynda täzelikler bölüminde ýerleşdirildi.

S.Seýdi adyndaky TDMI-niň ýurdumyzyň mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa we biologiýa boýunça internet olimpiadalaryny üçülenji ýyl yzly-yzyna üstünlikli geçirýändigini bellemek gerek.

Ders bäsleşikleriniň geçirilmegi has zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär, okuwçylaryň takyk we tebigy bilimleri öwrenmäge gyzyklanmalaryny höweslendirmäge, okuwçylaryň dersler boýunça taýýarlygyny we bilim derejesini kesgitlemäge, şeýle hem häzirki zaman sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly özbaşdak işlemek başarnygyny ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, şeýle işler maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň üsti bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de orta mekdepleriniň özara gatnaşyklaryny giňeltmäge, şonuň bilen birlikde-de, ýurtda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasynyň hem-de Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlar boýunça dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasynyň meýilnamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam edýär.