Ï «Eko-arzuwyňy amala aşyr!» atly ýaşlar bäsleşigi yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Eko-arzuwyňy amala aşyr!» atly ýaşlar bäsleşigi yglan edildi

view-icon 3083
«Eko-arzuwyňy amala aşyr!» atly ýaşlar bäsleşigi yglan edildi

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň talyplarynyň arasynda «Eko-arzuwyňy amala aşyr!» atly ekologiýa degişli taslamalar bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşige Türkmenistanyň ähli ýokary okuw we ýöriteleşdirilen orta bilim edaralarynyň 35 ýaşy dolmadyk talyplary hem-de okuwçylary çagyrylýar.

Bäsleşik ýaşlaryň arasynda daşky gurşaw başlangyçlaryny goldamak we ösdürmek, tebigata aýawly çemeleşmegiň wajyplygy baradaky habarlylygyny artdyrmak, şeýle hem daşky gurşaw meselelerini çözmek işine döredijilikli çemeleşilmegine itergi bermäge gönükdirilendir. «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Leýla Şyhmadowanyň aýtmagyna görä, bu bäsleşigiň maksady ýaşlara daşky gurşawy goramak üçin innowasion çözgütleri işläp düzmekde ylham bermekdir. Biziň maksadymyz ekologlaryň täze nesline iş ýüzünde goldaw bermek we arzuwlarynyň hasyl bolmagyna ýardam etmekdir.

Bäsleşigiň guramaçylary oňa gatnaşýanlara öz taslamalary üçin dürli mowzuklary hödürleýärler. Olar «Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak», «Parnik gazlarynyň taşlandylaryny azaltmak», «Biodürlüligi gorap saklamak», «Hojalyk galyndylaryny gaýtadan işlemek», «Hojalyk galyndylaryny aýry-aýry ýygnamak, azaltmak ýa-da gaýtadan işlemek», «Energiýanyň netijeli sarp edilişi», «Suw gorlaryndan netijeli peýdalanmak we olary tygşytlamak», «Öýsüz haýwanlar», «Ilatly ýerlerde bag-bakjany gorap saklamak we ösdürmek» ýaly wajyp mowzuklaryň arasyndan özlerine has ýakyn ýa belet bolan ugry saýlap bilerler.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, taslamalar elektron görnüşinde tabşyrylmaly. Beýleki talaplar taslamanyň maksatlarynyň we wezipeleriniň anyk kesgitlenmegini, asyl pikiri beýan etmegini we amala aşyrylmasy mümkin bolmagyny, şeýle hem ýerine ýetiriş meýilnamasyny we çykdajy hasabyny öz içine almagyny talap edýär.

Bäsleşigiň ýeňijileri üçin dürli baýraklar, şol sanda taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine maliýe goldawy, diplomlar we gymmatly sowgatlar, şeýle hem Türkmenistanyň esasy daşky gurşaw guramalarynda tejribe geçmek mümkinçiligi göz öňünde tutulypdyr.