Daşoguzyň abadanlaşdyryş we arassaçylyk kärhanasynyň hünärmenleri abadanlaşdyryş we landşaft dizaýn çäreleriniň bir bölegi hökmünde şäher ýerlerini arassalamak we abadanlaşdyrmak üçin beýleki agaçlar bilen birlikde, az mukdarda bolsa-da reňkli kümüş derek diýlip atlandyrylýan ak we gara derekleriň ekilmegini dowam etdirýärler.
Muny soňky ýyllarda welaýatyň dolandyryş merkeziniň uzyn köçeleriniň birinde diňe derek ekilen we «Derek» diýlip atlandyrylýan täze seýilgäh meýdançasy hem tassyklaýar. Şol bir wagtyň özünde, derekler şäher howasyny hapalanmakdan arassalamak üçin aýrylmaz tebigy täsirli serişdedir. Hünärmenleriň pikiriçe, derek ýaprakly agaçlaryň käbir wekillerine garanyňda birnäçe esse kislorody köp çykarýar.
Derekler köçe tozanlarynyň, hapalaryň we tüsseleriň, takmynan, 70 göterimini gaýtadan işlemäge ukyply we şunuň ýaly agaçlaryň diňe biri onlarça kilogram tozany arassalap bilýär. Deregiň hem patogen mikroblary öldürmäge ukyplydygy, gazyň hapalanmagyna çydamlydygy we köp mukdarda kislorod, ysly ýaglar we fitonidleri daşky gurşawa goýberýändigi çak edilýär. Ol ýöne ýere şäheriň tebigy süzgüji diýlip atlandyrylmaýar. Derek agajy ykdysady maksatlar üçin, şol sanda dürli gurluşyk işleri üçin hem giňden ulanylyp bilner.
Deregiň köp peýdaly we estetiki häsiýetleriniň barlygy äşgärdir. Ýapraklarynyň ýakymly sesi, onuň salkyn saýasy aýdymlarda wasp edilýär. Halkymyzda uzyn, beýik we güýçli adamlary derek bilen deňeşdirýärler. Bu ýerde agaçlaryň birnäçe owadan görnüşleri ösýär. Olara mysal hökmünde güjüm, tut, jida, maklýura, arça agaçlaryny, bezeg barberi we hatda katalpany hem görkezmek bolar. Olaryň arasynda uzak wagt bäri gözümize tanyş bolan derekler henizem owadan owaz edýärler we asmana tarap uzap durlar.